Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky partlamalarda 60 adam öldi, 200-si ýaralandy


Babil, 23-nji fewral.
Babil, 23-nji fewral.
Yrakda penşenbe güni ýüz beren bomba hüjümlerinde we ok atyşyklarda azyndan 60 adamyň öldürilip, 225-den gowrak adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Maglumatlara görä, hüjümler esasan şaýy raýonlarynda howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylypdyr.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir tarap öz üstüne almandyr, ýöne içeri işler ministri hüjümçileriň “Al-Kaýda” bilen gatnaşygy bolan söweşijilerdigini aýtdy.

Koordinirlenen diýlip güman edilýän hüjümleriň köpüsi Bagdatda ýüz berdi, ýöne ganly hüjümleriň beýleki şäherlerde hem bolandygy aýdylýar. Olaryň arasynda Bakuba, Kirkuk hem Mosul agzalýar.

BMG we ABŞ bu bidüzgünçilikleri ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG