Sepleriň elýeterliligi

Klinton pakistanly kärdeşi bilen “konstruktiw” gepleşik geçirendigini aýdýar


Londondaky halkara konferensiýasynyň çäginde gurnalan maslahatda ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar bilen duşuşyp, “özleriniň umumy meseleleri barada konstruktiw gepleşikleri” geçirendigini aýtdy.

Penşenbe güni geçirilen bu duşuşyk iki ýaran ýurduň arasynda ýeňil bolmadyk dartgynly ýagdaýyň emele gelen döwrüne gabat geldi.

Geçen noýabr aýynda ABŞ-nyň howa güýçleri owgan serhedinde 24 sany pakistanly esgeri öldüripdi. Bu waka Pakistanyň parlamentinde iki ýurduň gatnaşyklaryna täzeden garamaly diýen meseläni döretdi.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi parlament meseläni anyklanyndan soň Pakistan bilen doly formal gatnaşyklary täzeden ýola goýmaga Klintonyň çagyryş edendigini aýtdy.

Adynyň belli edilmezlik şerti bilen amerikan resmisi žurnalistlere beren maglumatynda bu meseläniň çäginde ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatlarynyň Pakistana saparlarynyň boljakdygyny, şeýle hem ABŞ-nyň, Pakistanyň we Owganystanyň gatnaşmagyndaky üç taraplaýyn gepleşiklere dolanyljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG