Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bank ýolbaşçylary wezipelerinden boşadyldy


Işde goýberen düýpli kemçilikleri hem-de özüne bildirilen talaplary ödemänligi üçin, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň dolandyryjy geňeşiniň başlygy Begenç Çopanow wezipesinden boşadyldy.

Bu barada penşenbe güni geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow yglan etdi. Ol Çopanowyň öz wezipesini şahsy maksatlar üçin ulananlygyny aýtdy.

Işde goýberen kemçilikleri sebäpli “Türkmenistan” döwlet kommersiýa bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dawut Durdyýew hem wezipesinden boşadyldy.

“Senagat” aksioner–kommersiýa bankynyň işini ýola goýmakdaky kemçilikleri üçin bu bankyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Gadyrgeldi Muşşikowa käýinç yglan edildi.
XS
SM
MD
LG