Sepleriň elýeterliligi

Hüjümden aman galan özbek ymamy Swesiýanyň başga şäherine geçirildi


Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, Şwesiýanyň Stromsand şäherinde janyna kast etmäge synanyşykdan aman galan tanymal özbek ymamy Obidhan Kary Nazarowyň polisiýanyň goragy astynda başga şähere geçirilipdir.

Stromsandyň polisiýasynyň sözçüsi çarşenbe güni 50 ýaşly ymamyň şäherde atylandygyny, onuň ýaraly ýagdaýda keselhana ýerleşdirilendigini tassyklady. Sözçi bu iş boýunça derňew işiniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Çarşenbe güni Nazarowa ýakyn çeşmeleriň biri onuň aman galandygyny, ýöne üç-dört gezek tüpeňlenensoň, ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG