Sepleriň elýeterliligi

Çagalar bagy – meniň arza-şikaýatym


Arazgül: "Eger-de oba ýerlerinde çagalar bagy açylsa, işsiz adamlaram işli boljak. Çagalaram aňly-düşünjeli, akyllyja hem arassa, hemme taraplaýyn bir gowuja ösjek".

Arazgül: "Eger-de oba ýerlerinde çagalar bagy açylsa, işsiz adamlaram işli boljak. Çagalaram aňly-düşünjeli, akyllyja hem arassa, hemme taraplaýyn bir gowuja ösjek".

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy, dört çaganyň enesi Azatlyk Radiosyna jaň edip, obalarynda çagalar bagynyň ýokdugyny, bu ýagdaýyň öz durmuşlaryny kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir özüni Arazgül diýip tanadan şol ene bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Azatlyk Radiosyna jaň edipsiňiz. Aýdyp oturyň, näme barada gürrüň etmekçi?

Arazgül: Men Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginden. Men oba ýerlerinde çagalar bagynyň ýokdugy barada azyrak nägilelik bildirýän. Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary Züleýha diýen aýal maşgala, ol baranlary kabul etmeýär, hal-ahwalyňy soramaýar. Haçan barsaň “aý, etrir gel, birigün gel” diýip, aňry süýşürýär. Oba ýerlerinde çagalar bagy açylsa, bizem şoňa çagalarymyzy tabşyrsak, elimiz boşardy.

Geçen ýyl hormatly prezidentimiz Berdimuhamedow “oba ýerlerinde-de çagalar bagyny açmaly, oňa çagalary tabşyrmaly, çagalar aňly-düşünjeli bolmaly” diýipdi. Ýöne onuň aýdan karary bilen etrap ýolbaşçylary kän bir degerli karara gelmedik bolsalar gerek diýip, men pikir edýän. Men şondan nägile.

Azatlyk Radiosy: Siziň özüňiz näme kär bilen meşgullanýaňyz?

Arazgül: Meniň pagta ýerim hem bugdaý ýerim bar. Şonuň bilen meşgullanýan.

Azatlyk Radiosy: Esasy mesele çagalar bagynyň ýoklugy diýdiňiz. Çagalar bagynyň bolmazlygy siziň işiňize ýa-da gündelik durmuşyňyza nähili täsirini ýetirýär?

Arazgül: Ynha, biz öýlerde gaz ýakyp gidýäs ýa-da elektrik toguny ýakmaly. Çagalaryň tokly sime bir bolar-bolmaz zat degirmeginden ýa-da gazy güýçlendirip, kükürt-otluçöp çakyp, öýleri oda beräýmeginden gorkýas hem howatyr edýäs. Eger-de oba ýerlerinde çagalar bagy açylsa, işsiz adamlaram işli boljak. Çagalaram aňly-düşünjeli, akyllyja hem arassa, hemme taraplaýyn bir gowuja ösjek-dä.

Ynha, öňki wagtda oba ýerlerinde çagalar bagy bardy. Çagalar gatnap, edeplije, tertiplije düzüwli bolup ýetişýärdiler. Soňra okuwa baranda-da ýetişikli okuwçy bolup ýetişýärdiler. Şonuň üçinem oba ýerlerinde çagalar baglary açylsa, maksada laýyk diýip pikir edýän.

Azatlyk Radiosy: Siz bu meseläniň çözgüdi üçin, ýolbaşçylara ýüz tutup gördüňizmi? Olar näme diýýärler?

Arazgül: Aýtsaň: “Eý, açylar. Bize aňyrdan karar gelenok” diýýärler. Adamlar etrap ýolbaşçylaryna aýdanlarynda: “Aý, aňyrdan bir karar gelip, bize hökman açmaly diýmese, başga zady bilemizok” diýýärler ýa-da “bilim bölümine baryň” diýýärler. Bilim bölümine barsagam “eger kolhozlarda açylmaly diýilse, biz açýas-a” diýip, ýüzleýje jogap berýärler. Soň gaýdýaň. Başga näme diýjek? Meniň haýyşym şu, oba ýerlerinde çagalar bagyny açyp bersinler. Çagalar bagy – meniň haýyşym hem aýtjak arza-şikaýatym.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG