Sepleriň elýeterliligi

SERN-iň sözçüsi bilen söhbet: Eýnşteýn mamla bolup biler


Eýnşteýniň teoriýasy boýunça Älemde ýagtylykdan tiz zat ýok.

Eýnşteýniň teoriýasy boýunça Älemde ýagtylykdan tiz zat ýok.

Eýnşteýniň teoriýasy boýunça Älemde ýagtylykdan tiz zat ýok. Ýewropanyň merkezi Ženewada ýerleşýän ýadro barlaglary baradaky guramasy SERN öten sentýabrda özüniň geçiren tejribelerinde zarýadsyz subatom bölejikleri bolan neýtrinolaryň tizligi ýagtylygyň tizliginden ýokary diýen netijä gelendigini aýdypdy. Ýöne, indi çak edilişine görä, geçirilen bu tejribede käbir ýalňyşlyklar goýberilene meňzeýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Eugen Tomiuc SERN-iň sözçüsi Jeýms Gillies bilen bu barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Öten sentýabrda SERN-iň neýtrinolar Ženewadan Italiýanyň Gran Sasso şäherine çenli bolan 730 kilometrlik aralygy ýagtylygyň tizliginden 60 nanosekunt tiz aşdy diýip yglan etmegi hem alymlary hem-de ýönekeý adamlary geň galdyryp, şübhelendiripdi. Ýöne indi bu çylşyrymly tejribe geçirilende, az-kem ýalňyşlyk goýberilen bolmagy mümkin diýilýär. Muny nädip düşündirip bolar?

Jeýms Gillies

Jeýms Gillies

Jeýms Gillies: Ilki bilen biz muňa bir düşündirişiň bardygyny bilemzok. Bu ölçegler şöhle bilen gaýtalanmasa, muny takyk bilip bolmaz. Ýöne "OPERA" diýip atlandyrylan bu tejribäni alyp baran topar özleriniň wagt ölçeglerine täsir eden bolmagy mümkin iki zady görüpdirler. Bularyň biri bir yrgyldadyjynyň ýygylygynyň bolmalysy ýaly bolmanlygy. Beýlekisi hem GPS signallaryny GPS sistemasyndan "OPERA" eksperimentiniň esasy sagadyna ýetirýän optiki kabel. Olar bu zatlary ölçäp, bularyň garaşylyşy ýaly däldigini anyklapdyrlar. Ýöne öten ýyl we ondan öň şöhle bilen bu maglumatlar alnanda, munuň şeýle bolandygy belli däl. Operatorlara gönükdirilýän şular ýaly şübheler bar. Ýöne hökman şeýle diýen netijä gelmezden öň biz ýene şöhle bilen synag geçirmeli.

Azatlyk Radiosy: Ozal habar berlişi ýaly, bularyň bary bir gowşak kabel bilen baglanyşykly bolaýmasyn?

Jeýmes Gillies: Men käbir ýerlerde gowşak kabel diýip aýdylanyny gördüm. Ýöne optiki kabel sistemasy mundan has inçe. Bu ýeke bir gowşak kabel däl. Bu zatlara öwran-öwran seredildi. Ýene bir gezek nygtaýaryn, bu ölçeg işlerini SERN-den şöhle bilen gaýtalamasak, muny takyk bilip bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Edilmeli indiki iş näme? Eksperimenti gaýtalap bolarmy, bolsa, haçan bolar?

Jeýms Gillies: "OPERA" eksperimenti öten agşam bu habary SERN-e ýetirdi. Indi öten agşama çenli bolan tizlendiriji işleriniň plany boýunça ol Gran Sasso maý aýynda şöhle goýberjekdigini aýtdy. Meniň pikirimçe, bu barada pikir alşylar. Ýöne bu bolarmy ýa bolmaz, belli bir zady aýdardan entek ir.

Azatlyk Radiosy: Onda Eýnşteýn ýalňyşypdyr diýip subut etmäge ýene az-kem şans bar-da.

Jeýms Gillies: Meniň pikirimçe, žýuriler entek daşarda. Ýöne esasy duýgy Eýnşteýniň ýalňyşandygynyň subut bolmagy däl-de, operatorlardan bir zadyň tapyljagy. Meniň pikirimçe, fizikleriň aglabasy şeýle pikir edýärler. Ýöne bu bir örän inçe tejribe. Asyl şular ýaly takyklyga ýetilmeginiň özi bir täsin zat.
XS
SM
MD
LG