Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda” Yrakdaky hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Yrakda amala aşyrylan bombaly we ýaragly hüjümleriň jogapkärçiligini “Al-Kaýda” topary öz üstüne aldy. Şol wakalarda 60 töweregi adam heläk boldy.

Özüni “Yragyň yslam döwleti” diýip atlandyrýan“Al-Kaýda” toparynyň Yrakdaky bölümi penşenbe güni beýanat ýaýratdy. Onda hüjümleriň howpsuzlyk güýçlerine we hökümet resmilerine gönükdirlendigi aýdylýar.

“Al-Kaýdanyň” bellemegine görä, bu yrak türmelerinde sünnileriň gynamalara sezewar edilmegi sebäpli “ar alyş” bolupdyr.

Sünni musulmanlarynyň “Al-Kaýda” topary Yragyň şaýy hökümetine garşy çykýar.
XS
SM
MD
LG