Sepleriň elýeterliligi

“Lewada”: Putin saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanar


Orsýetiň iň öňde baryjy ses berişlik merkezleriniň biriniň geçiren barlaglaryna görä, 4-nji martda ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Wladimir Putin ýeňiş gazanar.

“Lewada” merkeziniň ýaýradan maglumatlaryna görä, Putin sesleriň 66%-ni alyp biler.

Guramanyň aýtmagyna görä, netijeler 17-20-nji fewral aralygynda ýurt boýunça 1,600 ses beriji bilen geçirilen pikir soralyşyga esaslanýar.
XS
SM
MD
LG