Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda türk teleseriallary efirden aýrylýar


Özbegistanda ýurduň üç telekanalyndan türk seriallary efirden aýryldy.

Özbegistanda ýurduň üç telekanalyndan türk seriallary efirden aýryldy.

Özbegistanda ýurduň üç telekanalyndan türk teleseriallary efirden aýryldy. Resmileriň bu seriallaryň “göwnejaý däldigini” aýtmagy muňa sebäp bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň adynyň tutulmagyny islmedik resmä salgylanyp berýän maglumatyna görä, şol teleseriallarda käbir şahsyýetleriň gaty “gozgalaňçy” keşbi bolup, olar “özbek halkynyň mentalitetine” ters gelýär.

Özbegistanyň “Ýaşlar”, “NTT” we “TV Markaz” kanallary öňünden duýduryş bermezden, şu hepde öz efirlerinden türk teleseriallaryny aýyrdy.
XS
SM
MD
LG