Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly geçirilýän protestler dowam edýär


Owganystanda NATO-nyň harby bazalarynyň birinde Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly protestler dördülenji gün dowam edýär.

Günbatar metbugatynyň maglumatyna görä, Kabulda juma namazyndan soň geçirilen protestlerde polisiýanyň ot açmagynda azyndan bir demonstranta ok degipdir.

Owganystanyň Gazni we Nangarhar welaýatlarynda hem protestleriň geçirilendigi aýdylýar.

Protestleriň soňky üç gününde azyndan 15 adamyň, şol sanda iki sany amerikan esgeriniň hem öldürilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG