Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty “Ylalaşmazlyk güni” bilen alamatlandy


Almatydaky demonstrasiýada protestçiler raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna çagyryş edip, çykyş etdiler. Almaty, 25-nji fewral, 2012.
Almatydaky demonstrasiýada protestçiler raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna çagyryş edip, çykyş etdiler. Almaty, 25-nji fewral, 2012.
Şenbe güni Gazagystanyň Almaty şäherinde oppozision aktiwistler “Ylalaşmazlyk guni” ady bilen protest demonstrasiýasyny gurnadylar.

Başda müňe golaý protestçiniň öňüne polisiýa güýçleri böwet bolup, olaryň Almatynyň merkezi alleýasynda demonstrasiýa geçirmegine ýol bermediler.

Emma muňa garamazdan, demonstrasiýa şäheriň esasy transport ýolunyň gyrasynda dowam etdi. Protestçiler raýatlaryň kanuny syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna çagyryş edip, çykyş etdiler.

Käbir oppozisiýa liderlerini bu demonstrasiýa gatnaşdyrmazlyk üçin, Gazagystanyň polisiýasy olary şenbe güni irden tussag astyna aldy.

Almatyda müňe golaý protestçiniň öňüne polisiýa güýçleri böwet bolup, olaryň şäheriň merkezi meýdançasynda demonstrasiýa geçirmegine ýol bermediler. Almaty, 25-nji fewral, 2012.
Almatyda müňe golaý protestçiniň öňüne polisiýa güýçleri böwet bolup, olaryň şäheriň merkezi meýdançasynda demonstrasiýa geçirmegine ýol bermediler. Almaty, 25-nji fewral, 2012.
Tussag edilen bu oppozisiýa liderleriniň henizem tussag izolýatorynda saklanýandyklary habar berilýär.

Tussag astyna alnan bu oppozisiýa liderleriniň hatarynda oppozision “Azat” partiýasynyň egindeş başlyklary Bulat Abilow bilen Žarmakhan Tuýakbaýyň we bu partiýanyň sekretary Amiržan Kosanowyň-da bardygy barada maglumat alyndy.

Mundan daşary, Almatyda gurnalan bu demonstrasiýa wagty käbir aktiwistleriň polisiýanyň maşynlaryna salnyp, alnyp gidilendikleri-de habar berildi.

Bu wakanyň öňýany, şu aýyň başynda Gazagystanyň oppozisiýa liderleri ýurduň raýatlaryny 25-nji fewralda “Ylalaşmazlyk guni” ady bilen ýörite demonstrasiýalara çykmaklyga çagyrypdylar.

Oppozisiýa liderleri halky bu demonstrasiýalarda tussaglykdaky käbir oppozision aktiwistleriň azatlyga goýberilmeklerine, azat saýlawlaryň geçirilmegine, garaşsyz we bitarap sud sistemasynyň döredilmegine we söz azatlygyna ýol açylmagyna çagyryş etmeklige çagyrdy.

Almatydaky wakalaryň fonunda şenbe güni Gazagystanyň käbir beýleki şäherlerinde-de şuňa meňzeş kiçiräk protest çykyşlary gurnaldy.

Ýurduň günbatar regionyndaky Janaözen şäherinde ozalky tussag edilen nebitçileriň aýallarynyň bir topary piket geçirip, öz ärleriniň tussaglykdan boşadylmagyny häkimiýetlerden talap etdiler.

Tussaglykdaky bu nebitçiler ýakynda, dekabr aýynda bu şäherde gurnalan halk gozgalaňlary bilen baglanyşykly tussag edilipdiler. Şol protest çykyşlarynda hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 16 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG