Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Atambaýew gyrgyz halkynyň Putini gowy görýändigini aýtdy


Orsýete sapar edýän Gyrgyzstanyň prezidenti Almazbek Atambaýew şenbe güni bu ýurduň döwlet radiosyna interwýu berdi.

“Golos Rossii” atly radioda eden bu çykyşynda Almazbek Atambaýew Gyrgyzstanyň halkynyň Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putine hormat goýýandygyny we ony gowy görýändigini aýtdy.

Gyrgyz resmileriniň maglumatyna görä, geçen 2011-nji ýylda Gyrgyzystan bilen Orsýet 1.7 milliard dollarlyk söwda dolanyşygyny amala aşyrypdyrlar.

Bu saparyň öňýany Almazbek Atambaýew Orsýetiň Gyrgyzystandaky öz harby bölümleriniň ozaldan dowam edip gelýän bergileriniň tölenmegi üçin Orsýetiň resmilerine basyş etjekdigini aýdyp, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG