Sepleriň elýeterliligi

Gunduz şäherindäki demonstrasiýada azyndan dört adam öldi


Şenbe güni Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäherinde müňlerçe protesçi ýakynda amerikan harby bazasynda Gurhanyň ýakylmagyna protest bildirip, BMG-niň edarasyna hüjüm etdi.

Wakada BMG-niň edarasyny goraýan polisiýa güýçleri bilen protestçileriň arasynda ýüze çykan çaknyşykda adam ýitgileriniň-de bolandygy barada maglumat alyndy.

Gunduz şäheriniň saglygy saklaýyş edarasynyň başlygy doktor Saad Muhtar bu çaknyşykda azyndan 4 adymyň ölüp, 50 töweregi adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Polisiýa resmileriniň maglumatyna görä, bu wakada protestçiler BMG-niň edarasynyň töwereklerindäki maşynlary we dükanlary-da ýakypdyrlar.

Amerikan harby bazasynda Gurhanyň ýakylmagyna protest bildirilip, şu gün Owganystanyň ýene azyndan dört welaýatynda protest çykyşlarynyň gurnalandygy barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG