Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyzyl Haç Komiteti Homs şäherindäki howply ýerden 27 adamy çykardy


Anna güni Halkara Gyzyl Haç Komiteti Siriýanyň Homs şäherinde gabawa alnan Baba Emr kwartalyndan 27 adamy ewakuasiýa etdi.

Munuň özi Siriýanyň hökümet güýçleriniň gazaply hüjüm edýän bu raýonyndan Gyzyl Haç Komitetiniň ewakuasiýa eden ilkinji adamlary boldy.

Ewakuasiýa edilen adamlaryň aglabasynyň ýaralanan adamlardyklary we olaryň köpüsiniň Homs şäheriniň etegindäki keselhana ýerleşdirilendikleri habar berilýär.

Ýöne ol ewakuasiýa edilen adamlaryň arasynda şol raýonda ýaralanan fransuz žurnalistiniň we britan suratçysynyň bardygy ýa ýokdugy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG