Sepleriň elýeterliligi

R.Meredow ýene daşary işler ministri wezipesini eýeledi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow.

Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze düzülen hökümetiň ilkinji maslahatyny geçirdi.

Onda käbir täze dokumentleriň taslamalaryna hem-de öňde durýan käbir möhüm meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda prezident G.Berdimuhamedow birnäçe resmileri ýokary wezipelere bellemek baradaky permanlara-da gol çekdi.

Bu permanlara laýyklykda täze hökümetiň düzüminde ýurduň ozalky daşary işler ministri Raşit Meredow ýene-de Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesine we wise-premýerlik wezipesine bellendi.

Mundan daşary, Hojamuhammet Muhammedow prezident apparatynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy hem-de wise-premýerlik wezipesine bellendi.

Şeýle hem, anna güni Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi Berdimyrat Redjepowy bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Latwiýadaky ilçisi wezipesine, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Sylapberdi Nurberdiýewi bolsa bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi wezipesine bellemek baradaky kararlara-da gol çekildi.

G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowy Kaspi deňzi boýunça hökümetara komissiýasynyň başlygy wezpesine bellemekligi-de karar etdi.
XS
SM
MD
LG