Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa täze konstitusiýany referenduma goýdy


"Siriýanyň oppozisiýasy bu konstitusion üýtgetmeleri nobatdaky gözboýagçylyk hasaplap, ýurduň ilatyny bu referendumy boýkotirlemäge çagyrýar".
"Siriýanyň oppozisiýasy bu konstitusion üýtgetmeleri nobatdaky gözboýagçylyk hasaplap, ýurduň ilatyny bu referendumy boýkotirlemäge çagyrýar".
Siriýada dowam edýän demonstrasiýalaryň we halk gozgalaňlarynyň fonunda ýurduň hökümeti 26-njy fewralda täze konstitusiýanyň taslamasy boýunça ähliumumy referendum geçirýär.

Konstitusiýa girizilen soňky üýtgetmeleriň hatarynda Siriýada indi ýarym asyra golaý wagt bäri dowam edip gelýän birpartiýalylyk sistemasyny köppartiýalylyk sistemasyna öwürmek baradaky üýtgetme hem bar.

Emma, muňa garamazdan, Siriýanyň oppozisiýasy bu konstitusion üýtgetmeleri nobatdaky gözboýagçylyk hasaplap, ýurduň ilatyny bu referendumy boýkotirlemäge çagyrýar we prezident Başar al-Assadyň haýdan-haý wezipeden çekilmegine aýak direýär.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Siriýanyň hökümeti tutuş ýurt boýunça 13 müňden gowrak ses beriş uçastogyny döredip, ýurtda ses berişlikleri ýola goýdy.

“Ses berişlikler gowy barýar”

Damask şäherindäki ses beriş uçastoklaryndan biriniň ýolbaşçysy Bassam Haddad “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda raýatlaryň ses bermäge gatnaşygynyň garaşylyşyndan has aktiwdigini tassyklady.

Ol “Irki sagatlardan başlap ses berişlikler gowy barýar. Ses bermäge gatnaşýanlaryň sany biziň garaşanymyzdan has köp boldy. Biz ses bermäge gatnaşanlaryň sanynyň edil häzirki wagta çenli biziň garaşanymyzdan 200 prosent dagy köp diýip aýdyp bileris” diýip, belledi.

Damaskly ses berijileriň biri býulletendäki “oňlaýan” diýen warianty belleýär we aşagyndanam “Elbetde, demokratik Siriýa üçin” diýip ýazýar. Damask, 26-njy fewral, 2012.
Damaskly ses berijileriň biri býulletendäki “oňlaýan” diýen warianty belleýär we aşagyndanam “Elbetde, demokratik Siriýa üçin” diýip ýazýar. Damask, 26-njy fewral, 2012.
Geljek üç aýyň içinde Siriýada köppartiýalylyk sistemasyna esaslanýan parlament saýlawlarynyň-da geçirilmegini şert edip goýýan bu täze konstitusiýanyň taslamasy boýunça referendumdan öň ýurduň döwlet telewideniýesinde diskussiýalar-da gurnaldy.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada 12 ýyl mundan ozal öz kakasyndan häkimiýet geçeli bäri bu ýurtda bary-ýogy iki gezek referendum geçirildi.

2000-nji ýylda geçirilen birinji referendum Başar al-Assady prezident bellemek meselesi boýunça geçirilipdi. 2007-nji ýylda geçirilen ikinji referendum bolsa onuň prezidentlik möhletini uzaltmak meselesi boýunça geçirildi.

Resmi hökümet bu referendumlaryň ikisinde-de ses berijileriň 97 prosentden gowragynyň “oňlaýan” diýip ses berendigini yglan edipdi.

Oppozisiýa ynananok

Başar al-Assadyň režimine garşy çykyş edýän aktiwistler ýurduň ozalky konstitusiýasynyň hem raýatlara söz azatlygyny we parahatçylykly demonstrasiýa azatlygyny üpjün edýändigini belläp, ýurduň režiminiň ozalky konstitusiýany-da äsgermezlik edendigini aýdýarlar we täze konstitusiýanyň ýagdaýynyň-da şeýle boljakdygyny öňe sürýärler.

Siriýada parahat demonstrasiýaçylara garşy hökümet güýçleriniň yzygiderli ýarag ulanmaklarynyň fonunda şeýle referendumyň geçirilmegini käbir günbatar ýurtlary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem tankyt etdi.

Siriýaly aktiwistler referendumyň geçirilýän güni hem ýurduň Homs, Hama, Deir al-Zor we Deraa şäherlerinde hökümet güýçleriniň agyr artilleriýa ýaraglaryny ulanandyklaryny habar berdiler.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýada indi bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda 6 müňe golaý adamyň ölendigini aýdýar. Emma siriýaly aktiwistler ölenleriň sanynyň häzirki wagt 7 müňden hem geçendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG