Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň prezidenti döwlet bitewüligini “pida etmejekdigini” aýdýar


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili şenbe güni eden çykyşynda Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmaklygyň hatyrasyna Gürjüstanyň öz bitewülik syýasatyndan el çekip bilmejekdigini nygtady.

Ol bu barada Günorta Osetiýa bilen serhet ýakadaky harby bazalaryň birinde eden çykyşynda belledi.

Şeýle hem, ol ýurtdaky öz syýasy garşydaşlarynyň Orsýet bilen özleriniň nähili gatnaşykdadyklaryny aýdyňlaşdyrmaly boljakdyklaryny-da nygtady.
XS
SM
MD
LG