Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň raýatlary – Obamanyň sosial saýtynyň esasy teswirçileri


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň internetdäki sosial network sahypasynyň soňky bir-iki günüň dowamynda hytaý dilinde ýazylan teswirlerden hyň berendigi habar berilýär.

Häzirki wagt Hytaýda sosial network saýtlarynyň aglabasy petiklenen ýagdaýda.

Ýöne hytaýly aktiwistler geçen hepde “google” gözleg serwerine degişli bir sosial networkiň internet ulanyjylar üçin elýeterlidigini mälim etdiler.

ABŞ-nyň habar serişdeleri Hytaýyň köp raýatlarynyň şu bar bolan mümkinçilikden peýdalanyp, prezident Obamanyň sahypasyna onuň saýlaw kampaniýasyny goldaýjy teswirleri ýazýandyklaryny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG