Sepleriň elýeterliligi

Amerikan ofiserleriniň ölüminde bir owgan ofiseri gözlenilýär


Ýekşenbe güni habar agentlikleri Owganystanyň aňtaw gullugynyň bir ofiseriniň iki sany amerikan ofiserini öldürenlikde aýyplanyp, gözlenýändigini habar berdiler.

NATO-nyň koalision güýçleriniň düzüminde işleýän bu iki amerikan ofiseri hepdäniň şenbe güni Kabulda Owganystanyň Içeri işler ministrligine baranlarynda atylyp öldürilipdiler.

Adynyň tutulmagyny islemedik owgan resmileri bu hüjümde Içeri işler ministrliginiň aňtaw bölüminiň bir ofiseriniň aýyplanýandygyny mälim edipdirler.

Maglumata görä, şol hüjümiň yzy bilen, bu owgan ofiseri gözden sumat bolupdyr.
XS
SM
MD
LG