Sepleriň elýeterliligi

Moskwada müňlerçe protestçi el tutuşyp, janly zynjyr döretdi


Ýekşenbe güni Moskwa şäheriniň içinden aýlanýan “Sadowoýe kolso” atly esasy transport ýolunyň gyrasynda müňlerçe adam el tutuşyp, uly protest zynjyryny döretdi.

Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy ýekşenbe güni bu şäherde güýçli gar ýagýandygyna garamazdan, uzynlygy 16 kilometr bolan “Sadowoýe kolso” transport ýolunyň gyrasyna müňlerçe adamyň çykandygyny we ýurduň hökümetine garşy dymyşlyk bilen protest bildirendigini habar berdi.

Bu çäräni gurnaýjylar bu protest çäresini geçirmek üçin özlerine resmi rugsadyň berilmändigini, emma protestçileriň açyk çagyryş etmän, dymyşlyk bilen şeýle çäräni geçirmäge kanuny hukuklarynyň bardygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG