Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti saýlandy


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene gaýtadan Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine saýlandy.

Bu mesele boýunça şenbe güni geçirilen maslahata Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň agzalary we ýurduň sport guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda, esasan, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidentini hem-de bu guramanyň Ispolkomynyň we Baş assambleýasynyň agzalaryny saýlamak meselesine garaldy.

Ýurduň resmi habar agentligi maslahata gatnaşyjylaryň prezident G.Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine biragyzdan saýlandyklaryny habar berýär.

Şeýle hem, bu maglumatda ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de şu ýylyň tomsunda Londonda geçjek olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan, mümkin boldugyça, has köp sportsmenleri gatnaşdyrmak ugrunda ähli zerur çäreleri görmeklik barada anyk maksatlaryň goýlandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG