Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Graždan aktiwisti öz agasynyň ýygnalandygyny aýdýar


Rahman Agaýew: "Resmi aýyplama ýok. Ony hiç hili düşündirişsiz alyp gidipdirler. Näme aýyplama bildirýändikleri barada maglumat ýok".
Rahman Agaýew: "Resmi aýyplama ýok. Ony hiç hili düşündirişsiz alyp gidipdirler. Näme aýyplama bildirýändikleri barada maglumat ýok".
Kanadada ýaşaýan graždan aktiwisti Rahman Agaýew soňky wagtlar Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň we raýat azatlyklarynyň ýagdaýlary barada internet arkaly tankydy maglumatlar we wideo ýazgylar bilen aktiw çykyş edýän raýatlardan biri. Ýakynda Rahman Agaýewiň agasynyň Türkmenistanda organ işgärleri tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat peýda boldy. Azatlyk Radiosy şu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Rahman Agaýew bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Rahman, ýakynda siziň agaňyzyň Türkmenistanda organ işgärleri tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat gelip gowuşdy. Şu barada siziň özüňizde nähili maglumat bar?

Rahman Agaýew: Öňňin maňa öz garyndaşlarymdan geldi şeýle habar. Maňa gelip gowşan habara görä, agamy ýygnapdyrlar. Agamyň ady Gadam Agaýew, 1956-njy ýylda doglan.

Azatlyk Radiosy: Agaňyza organ işgärleri tarapyndan nähili aýyplamanyň bildirilýändigi barada sizde maglumat barmy?

Kanadada ýaşaýan türkmenistanly graždan aktiwisti Rahman Agaýew.
Kanadada ýaşaýan türkmenistanly graždan aktiwisti Rahman Agaýew.
Rahman Agaýew: Bu barada bütinleý hiç kim hiç zat bilenok, düşünenok. Resmi aýyplama ýok. Ony hiç hili düşündirişsiz alyp gidipdirler. Näme aýyplama bildirýändikleri barada maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: Bize belli bolşuna görä, siz soňky wagtlar internetde ýörite sahypa açyp, Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy, syýasy ýagdaýlar barada makalalar we wideo ýazgylar arkaly aktiw çykyş edip başladyňyz. Siz agaňyzyň tussag edilmegi bilen özüňiziň şu aktiw işleriňiziň arasynda nähilidir bir baglanyşyk görýäňizmi?

Rahman Agaýew: Şeýle baglanyşygyň bolmagy mümkin. Sebäbi, birinjiden, şu çaka çenli azar berilmedik adam bu günki gün birden şeýle güne salynmaly däl.

Ikinjiden, men bu waka bilen ýene bir zady baglanyşdyrjak bolýan. Ynha, ýakynda maňa biri jaň etdi, ýagny men düýn gürleşdim şol adam bilen. Ol “Men Toýly Ataýew” diýip, maňa öz telefonyny-da berdi. Ol maňa “Internetdäki şol proýektiňi ýap” diýdi. Ol “Men Germaniýada Türkmenistanyň ilçihanasynda işleýän” diýdi.

Men onsoň düýn onuň şol nomerine jaň edip göreýin diýdim. Soň görüp otursam, ol adamyň özi jaň etmändir maňa. Ýöne ol Toýly Ataýew diýilýän adamyň telefon nomerini beripdir maňa. Ol Toýly Ataýew diýilän adam maňa “Ýok, Rahman, men saňa beý diýerinmi?!” diýip, jogap berdi. Özem Mary welaýatyndan eken. Toýly Ataýew asla jaň etmändir maňa, jaň eden başga biri eken.

Azatlyk Radiosy: Siziň agaňyzyň ýaşaýan ýeri nirede we ol haýsy organ tarapyndan tussag edilipdir?

Rahman Agaýew: Ony tutanlar Aşgabadyň milli howpsuzlyk edarasyndan. Agamyň özem Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň ozalky “Çikalow”, soň “26-njy daýhan birleşigi” diýlip at berlen daýhan birleşiginde ýaşaýar. Käri boýunça wraç. Onuň alnyp gaýdylmagynyň sebäbini men öz açýan proýektlerimdenem görýän.

Azatlyk Radiosy: Häzirki bolan waka siziň işiňize nähili täsir etdi? Siz internet sahypaňyzyň üsti bilen Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň we syýasy azatlyklaryň ýagdaýy barada alyp barýan işiňizi mundan beýlägem dowam etdirmekçimi?

Rahman Agaýew: Men bu proýektiň üstünde işläp başladym, men ony indi hiç wagt taşlamanam. Häkimiýetler beýdip meniň gözümi gorkuzyp bilmezler.

Azatlyk Radiosy: Şol proýekti alyp gitmek bilen, siziň maksadyňyz nämeden ybarat?

Rahman Agaýew: Maksadym – Türkmenistandaky adam hukuklary, adam azatlyklary. Her bir adamyň öz hak-hukugy bolmaly. Meniň aýtjak bolýan zadym, hatda adam türmede oturan bolsa-da, onuň hak-hukugy bolmaly. Emma Türkmenistanda bu zatlar alnyp barlanok. Meniň şol zatlary Türkmenistanda göresim gelýär. Men öz Türkmenistanymyzyň, türkmen halkynyň azatlyga çykmagyny isleýän.
XS
SM
MD
LG