Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk şahyrlary


Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň gurultaýynda: (çepden saga) Aman Kekil, Mäti Köse, Ata Köpek Mergen, Gurbandurdy Gurbansähet we Berdi Kerbaba
Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň gurultaýynda: (çepden saga) Aman Kekil, Mäti Köse, Ata Köpek Mergen, Gurbandurdy Gurbansähet we Berdi Kerbaba
Syýahatçy alym A. Wamberiniň aýdyşy ýaly, türkmenleriň arasynda goşgy düzmedigi az bolsa gerek. Onsoň her obada, her kowumda belli halk şahyrlary bolardy. Olaryň käbirinden goşgular galýar, käbirinden setirler, käbirinden bolsa diňe at galýar.

Türkmen halkynyň nähili şahyrana halkdygyny uly ýaşdakylaryň köpüsi bilýändir. Millet şahyrlara, çeper eserlere aýratyn hormat goýardy. Pelteli çyranyň ýagtysyna adamlar şahyrana kitaplary okardylar. Ol kitaplaryň arasynda Magtymguly, Azady we beýleki klassyklar, şol sanda halk dessanlary bolardy. Sesi ýakymly adam kitaby aýratyn bir owaz bilen, köplenjem Mary sebitinde “Garybym” diýen halk sazynyň äheňinde, aýdym ýaly owazlandyryp okap bererdi.

Şeýle goşgy diňlenişikler Lebapda-da, Daşoguzda-da, Balkan sebitlerinde-de, Ahalda-da, umuman, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolupdyr. Kitaba şeýle hormat goýýan halkyň şahyrlary iň hormatly ynsan hökmünde kabul etjegi belli zat. Obalara aram-aram belli şahyrlar gelerdi. Goşgy senedini söýýän märeke olary aýratyn hormat hem üns bilen diňlärdi. Şol özboluşly poeziýaly durmuşy ýatlap, men Günbatarda ýaşaýan, tanymal ýazyjy hem şahyr, neşirçi Ak-Muhammet Welsapar bilen gürrüňdeş boldum.

Hudaýberdi Hally: Ak-Muhammet, gürrüňi ilki bilen ruhy iýmitiň çeşmesi bolan kitapdan başlasak, seniň kitaba bolan söýgiň haçandan başlandy?

Ak Welsapar
Ak Welsapar
Ak Welsapar: Köneden sowatly maşgala bolansoň, biziň öýmüzde hemişe kitabyň arzysy gaty uludy. Galyberse-de, biziň oglanlyk döwrümizde entek telewizor diýen zat ýokdy, şonuň üçinem kitap o döwürde iň gyzykly güýmenjedi, iň täsin informasiýa çeşmesidi. Kitaba bolan hormat, söýgi menden şol çagalyk döwründen gaýdýar.

Hudaýberdi Hally: Seniň Günbatara geleniňden soň, ilki bilen neşirýat işini ýola goýmagyňy şol höwes bilen baglanyşdyryp bolarmy?

Ak Welsapar: Çagalykdan kitap okamaga endik eden adam hiç haçan kitapsyz oňup bilmez. Meniň Günbatarda neşirýat açmagymyň esasy sebäpleriniň biri-de Türkmenistanda gowy kitaplaryň, gowy ýazyjylaryň gadagan edilmegi boldy. Men bu ýagdaý bilen ylalaşyp bilmedim. Onsoň Şwesiýada “Gün” neşirýatyny açyp, Türkmenistanda gadagan edilen, emma türkmen edebiýatynyň ösmegi üçin gerekli kitaplary neşir etmäge girişdim.

Hudaýberdi Hally: Ýadyňda bolsa, biziň oglanlyk döwürlerimizde, oba şahyrlary bolardy. Olaryň ýanyna-da, tanymal şahyrlar gelerdi.

Ak Welsapar: Hawa, ol meniň ýadymda. Her obada şahyrçylykdan başy çykýan adamlar bolardy, olaryň käbiri özi goşgy düzerdi, käbiri uly şahyrlaryň goşgularyny toýda-tomguda ýa-da märekede aýdyp bererdiler. Olar, häzirki wagtyň dili bilen aýtsaň, obalardaky şol döwrüň edebi blogçylarydy. Olaryň ýanyna meşhur şahyrlaram myhmançylyga gelerdiler. Şolar ýaly bolanda, ol öýe bütin töwerekden çeper edebiýaty gowy görýän adamlar ýygnanyp, goşgy-gazal diňlärdiler.

Hudaýberdi Hally: Bu ugurdan anyk mysal getirip bilermiň?

Ak Welsapar: O döwürleri ýatlasaň, kän adamlary mysal getirse bolar. Türkmenistanyň haýsy obasyny alsaňam, şolar ýaly edebiýatçy adamlaryň birnäçesi bolandyr. Geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda çeper sözden gana içen adamlar, soňra hiç haçan edebiýatdan daşlaşan däldirler. Olaryň köpüsi soňra türkmen edebiýatyna uly peýda getirendigem belli. Folklorçy Ümür Eseni men şeýle zehinleriň biri diýip hasap edýärin. Şahyrlar Pyhy Taganam, Italmaz Akmyradam şolar ýaly halk zehinlerinden. Hut meniň öz kakamam goşgy-gazaldan başy çykýan, edebiýaty gowy görýän adamdy. Ol geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Türkmenistanyň “Halk şahyry” Ata Köpek Mergen bilen dostlukly hem döredijilikli aragatnaşyk saklapdy. Men başlangyç klasyň okuwçysykam, Ata Köpek biziň öýmüze gelerdi. Ol gelse-de, bütin töwerek biziňkä üýşerdi. Onsoň Ata Köpegem tä gije bir çene barýança, ýygnananlara goşgy okap, hezil bererdi. Ýarym asyr geçse-de, Ata Köpegiň käbir goşgulary ýadymda. Men onuň halk arasynda gowy görlen “Gerekdir” atly goşgusyndan bir topbagyny ýatlamakçy:

Hyşa dutar bolsa, çaýyr tar bolsa,
Çalaňda ýanyňda ýagşy ýar bolsa,
Uruşda pişikden syçan zor gelse,
Şonda ahyrzaman bolsa gerekdir!

Hudaýberdi Hally: Ak-Muhammet, ýaňy-ýakynda, has takygy 30-njy ýanwarda kakaň Juma Welsaparyň aradan çykandygyny eşitdik, Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň adyndan biziň gynanjymyzy kabul et. Merhumyň jaýy jennetden bolsun!

Ak Welsapar: Aýdanyňyz gelsin, toýuňyzda gaýtsyn!

Hudaýberdi Hally: Indi ýene oba şahyrlaryna dolansak, sowet ýyllarynda, umuman, owalda-ahyrda şol halk şahyrlarynyň ýazuwly edebiýat tarapyndan gadyry bilindimi?

Ak Welsapar: Ata Köpek barada gürrüň gitse, ol külli türkmene belli, “Halk şahyry” adyny alan adam. Ýöne obalardaky, aýdylyşy ýaly, ýerli ähmiýetli şahyrlaryň köpüsi aslynda şahyr hökmünde özüni görkezjegem bolan däldirler. Olar diňe edebiýatdan lezzet almagy başaran adamlar. Olar edebiýata, çeper söze, kitaba bolan söýgüsini öz çagalaryna, goňşy-golama, obadaşlaryna geçirýärdiler. Ine, şu hem olaryň iň häsiýetli tarapydy.

Hudaýberdi Hally: Şu ýerde menem bir wakany ýatlaýyn. Biziň obamyzda Bekdurdy Amangylyjow atly bir gowy adam bardy. Ol goşgy ýazardy. Ýöne ony ile ýetirmäge utanardy. Poeziýanyň ölemen aşygydy. Ine, şonuň aýdyp bermegine görä, 30-40-njy ýyllarda Tejende ýaşan Nurmyrat atly halk şahyry Staline onuň ýöredýän gazaply, ganhor syýasatyna garşy goşgular ýazypdyr. Meniň diýjek bolýanym, Stalin baradaky ýowuz hakykaty professional ýazyjy-şahyrlar aýdyp bilmese-de, halk şahyrlary aýdypdyr.

Ak Welsapar: Dogrudyr. Sebäbi halk arasyndaky şahyrlar has erkin bolýarlar. Olarda “tankydy goşgy ýazsam, kitabymy çykarman durubermesinler, ýazyjy adyma gara geläýmesin” diýen gorky ýok. Olar çöregi daýhançylykdan, işçilikden, garaz, gara zähmeti bilen gazanan adamlar.

Hudaýberdi Hally: Halk arasynda bolan şol şahyrana däbiň soňky ýyllarda ýitip gitmegine näme sebäp boldy?

Ak Welsapar: Döwür üýtgedi. Adamlaryň gündelik durmuşyna ilki telewizor girdi, ol her maşgalany öz öýüne gabady. Gitdigiçe-de gyzykly teleprogrammalar artdy, gündelik dürli filmler görkezilip ugrady. Gyzykly gepleşikler, filmler adamlaryň arasyndaky öňden gelýän folklor däplerini burça gabady, haçan ýitse ýitäýmeli edip goýdy. Folklor däpleri köp obalarda ýitibem gitdi. Ýöne indi Türkmen telewideniýesi gyzykly zat görkezenok, şol bir adamyny öwüp, ýürege düşýär diýýäler. “Her iş bolsun – bähbit bolsun” diýleni, belki, bu ýagdaý obalarda ýene-de üýşüp, özara gürrüňdeşlik etmek, degşip-gülüşmek, goşgy-gazal okaşmak däbini janlandyrar.

Hudaýberdi Hally: Ýöne şu döwürde telewideniýesiz ýaşap bolmaz ahyryn? Indi näme etmeli?

Ak Welsapar: Elbetde, telewideniýesiz ýaşap bolmaz. Indi dünýäniň köp ýurtlarynda adamlar kompýutersizem, internetsizem ýaşap bilenoklar. Telewizoram indi internetden asgyn gelýär, olam indi ahmallady. Ýöne, eger-de telewideniýe, radio, gazetler adamlary gyzyklandyrýan meseleleri gozgasa, onda adamlar ertesi şol gepleşik, film, dokumental filmlerler, makalalar, çeper eserler hakda pikir alşardylar. Bu-da eýýäm adamlaryň arasyndaky özara gatnaşygy janlandyrardy, folkloryň ýitip gitmezligine-de delalaty degerdi. Gepiň tümmek ýeri, halk erkin ýaşasa, onuň diline, ylhamyna ýol bolsa, bokurdagyna gurşun guýulmasa, adamlar çeper sözdenem, kitapdanam, halk döredijiligindenem arany açmaz. Ony döwre görä ýöretmegiň, ösdürmegiň, gorap saklamagyň ugruny tapar.

Hudaýberdi Hally: Ýeri gelende biz diňleýjilere Juma Welsaparyň Ata Köpek Mergeniň 70 ýaşyna bagyşlap ýazan “Şahyrym” atly goşgusyny-da eşitdireli.

Şahyrym

Kolhoz gurmaklyga garşy akmagy,
Görse, duzlap, badyn alan şahyrym.
Özi üçin dost tutunyp ”Tokmagy”,
“Ketgentelpek” adyn alan şahyrym.

Kim gybatkeş bolsa, kim gitse gepe,
Dogry ýol görkezdi, kim gitse çepe,
Ýa-da gabat gelse öwünjeň güpe,
Gözleriniň odun alan şahyrym.

Ýigrendi ol, ýigrenýär ol “myş-myşy”,
Ýigrenýär ol dawa-jenjel, etmişi,
Bu günki gün arka atyp ýetmişi,
Segseninden gädip alan şahyrym.

Höwesim bar öwrenmäge, ösmäge,
Halypam sen, taýyn gulak asmaga,
Bu gün ýaşyň gutlap, eliň gysmaga
Juma Welsapardyr gelen şahyrym!

Sakarçäge raýonynyň ”Hakykat” gazeti, 1968-nji ýyl.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG