Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada referendum geçirildi, zorluklar bolsa dowam edýär


Siriýada zorlugyň dowam edýändigine garamazdan, ýekşenbe güni ýurduň hökümeti täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça ählumumy referendum geçirdi.

Siriýanyň oppozisiýasy bu konstitusion üýtgetmeleri nobatdaky gözboýagçylyk hasaplap, ýurduň ilatyny bu referendumy boýkotirlemäge we prezident Başar al-Assady bolsa haýdan-haý wezipeden çekilmäge çagyrdy.

ABŞ-yň Döwlet sekretary Hillari Klinton Siriýada graždan urşunyň turmak howpunyň ýokarydygyny aýtdy. Ol Siriýada geçirilen referendumy häkimiýetleriň “bihaýa oýuny” diýip atlandyrdy.

Şeýle hem, Rabatda eden bu çykyşynda Klinton prezident Assady goldaýan telekeçileri we harbylary oňa garşy çykmaga çagyrdy.

Siriýadaky adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama ýurtda referendum geçirilen güni hökümet goşunlarynyň hüjümi netijesinde ýene onlarça adamyň heläk bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG