Sepleriň elýeterliligi

Moskwada müňlerçe adam Putine garşy proteste çykdy


Ýekşenbe güni Moskwa şäheriniň içinden aýlanýan “Sadowoýe kolso” atly esasy transport ýolunyň gyrasynda müňlerçe adam el tutuşyp, Wladimir Putiniň prezidentlige dalaş etmegine garşy uly protest zynjyryny döretdiler.

Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy ýekşenbe güni bu şäherde güýçli garyň ýagandygyna garamazdan, uzynlygy 16 kilometr bolan “Sadowoýe kolso” transport ýolunyň gyrasyna müňlerçe adamyň çykandygyny we ýurduň hökümetine garşy dymyşlyk bilen protest bildirendigini habar berdi.

Polisiýa bu proteste 11 müňe golaý adamyň gatnaşandygyny aýdaýar. Emma oppozisiýanyň aktiwistleri “Sadowoýe kolso” ýolunyň gyrasynda el tutuşyp, zynjyr döretmek üçin bu proteste 34 müň adamyň gatnaşan bolmagynyň zerudygyny nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG