Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Azerbaýjana $1,5 milliard dollarlyk ýarag satar


Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň resmileri Azerbaýjana bahasy bir ýarym milliard dollarlyk kontrakt boýunça ýarag satýandyklaryny tassykladylar. Bu ýaraglar harby uçarlardan we raketalardan goranyş sistemalaryndan, şeýle hem pilotyz dolandyrylýan uçarlardan ybarat.

Azerbaýjan tarapy bu ylalaşygy Ysraýylyň döwlet “Aerospace Industries” kompaniýasy bilen baglaşdy.

Atlarynyň agzalmagyny islemedik ysraýyl resmileri bu ylalaşygyň üstünde öňden bäri işenilip gelinýändigini aýdyp, onuň Eýranyň ýadro programmasy ýa-da eýran agentleriniň Hindistanda, Tailandda, Gürjüstanda hem Azerbaýjanda ysraýyl diplomatlarynyň janyna kast etmek boýunça ýakynda eden synanyşyklary bilen baglanyşygynyň ýokdugyny bellediler.

Şu aýyň başynda Eýranyň DIM-i Ysraýylyň “Mossad” aňtaw gullugyna Azerbaýjanyň territoriýasynda hereket etmäge rugsat berýändigini aýdyp, resmi Bakuwy aýyplady.

Azerbaýjan bilen Eýranyň araçäk serhediniň uzynlygy 600 kilometre barabar.
XS
SM
MD
LG