Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan protestlerinde bir adam öldi, ýedi amerikan esgeri ýaralandy


Kabuldaky protestler mahalynda, 24-nji fewral.
Kabuldaky protestler mahalynda, 24-nji fewral.
Owganystanda mukaddes Gurhanyň ýakylmagyna garşy geçirilýän protestleriň altynjy gününde azyndan bir protestçiniň heläk bolandygy, ýedi amerikan esgeriniň ýaralanandygy habar berildi.

Ýerli resmileriň beren maglumatlaryna görä, Owganystanyň Gunduz welaýatynyň Ymam Sahib şäherinde iki müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilen protestlerde bir adam heläk bolupdyr. Şol şäherdäki harby baza amala aşyrylan granat hüjüminde ýedi amerikan esgeri ýaradar boldy.

Goňşy Şamangan welaýatynda geçirilen protestlerde iki adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

NATO-yň bazasynda Gurhanyň ýakylmagyna garşy geçirilýän bu protestleriň dowamynda jemi 30-a golaý adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

26-njy fewralda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý çykyş edip, halky asudalyga çagyrdy. Şol bir wagtda-da prezident Karzaý mukaddes Gurhany ýakanlaryň jezalandyrylmagyna çagyrdy:

—Owgan halkynyň adyndan, olaryň duýgusyny hem ähli musulmanlaryň duýgusyny beýan edip, biz amerikan hökümetinden şeýle wakanyň ýüze çykmagyna ýol berenleriň jezalandyrmagyny ýene bir gezek talap edýäris.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Owganystadaky protestleriň bes edilmelidigini aýdyp, amerikan hökümetiniň bu ýüze çykan waka bilen bagly çuňňur gynanç bildirýändigini aýtdy.

Şu ýyl Birleşen Ştatlarda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin ýurduň Respublikan partiýasyndan özara dalaşýan dört kandidatyň üçüsi Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly Owganystandan ötünç soramaly däl diýen pikiri öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG