Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa owgan ministrliklerindäki işgärlerini yzyna çagyrýar


Germaniýa Owganystanda dowam edýän zorluklar sebäpli bu ýurduň döwlet edaralarynda hem ministrliklerinde işläp ýören öz raýatlaryny yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Bu mesele bilen bagly çykyş eden Germaniýanyň hyzmatdaşlyk ministri Dirk Niýebel ony “ýerlikli ätiýaçlylyk çäresi” diýip atlandyrdy.

Ýekşenbe güni irden Fransiýanyň Daşary işler ministrligi hem owgan ministrliklerinde işläp ýören işgärlerini wagtlaýynça yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Geçen şenbe güni NATO we Britaniýa hem Owganystanyň döwlet edaralaryndan öz işgärlerini yzyna çagyrýandygyny aýtdy.

Hepdäniň şenbe güni NATO-nyň koalision güýçleriniň düzüminde işleýän iki amerikan ofiseri Kabulda Owganystanyň Içeri işler ministrligine baranlarynda Owganystanyň aňtaw gullugynyň bir ofiseri olary atyp öldürdi.
XS
SM
MD
LG