Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri raýatlary Daglyk Garabag urşunyň 20 ýyllygyny bellediler


26-njy fewralda Azerbaýjanyň 50 müňe golaý raýaty Bakuwda ýörişe çykyp, Daglyk Gabag urşunyň 20 ýyllygyny bellediler.

Azerbaýjanyň resmileri 1992-nji ýylda ermeni goşunlarynyň Garabagda ýerleşýän Azerbaýjanyň Hojaly obasyna eden hüjüminde 613 adamyň öldürilendigini aýdyp, bu wakany “gyrgynçylyk” diýip atlandyrýar. Ermeni tarapy muny ret edýär.

Ýekşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde hem Garabag konflikti bilen bagly onlarça müň adamyň gatnaşmagynda ýöriş geçirildi. Onda Türkiýäniň içeri işler ministri Idris Sahin milletçilik äheňinde çykyş etdi.

Azerbaýjanyň resmileri, Daglyk Garabag meselesi boýunça geçirilýän gepleşikler netije bermese, ermenleriň basyp alan ýerlerini gaýdyp almak üçin özleriniň ýarag ulanmakdan gaýtmajakdyklaryny aýdyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG