Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Beýik Galkynyşlar eýýamy” tamamlandy


"Bagt köşgüniň" açylyş dabarasynda, 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabry.
"Bagt köşgüniň" açylyş dabarasynda, 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabry.
Türkmenistanda “Altyn Asyrdan” soň, 2007-nji ýylda, yglan edilen “Beýik Galkynyşlar eýýamy” hem tamamlandy. Indi ýurtda täze syýasy ideologiýa yglan edildi.

Türkmenistanyň milli telewideniýesiniň hepdäniň duşenbe günündäki Watan habarlar programmasynda hem jar edilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýlen ideologiýany mahabatlaýjy şygarlar we makalalar eýýäm şenbe güni çykan gazetlerde çap edilip başlandy.

Şenbe güni Mukamlar köşgünde bu täze döwrüň yglan edilmegi mynasybetli dabara geçdi. Şol dabara medeniýet we sungat işgärleri hem-de şol ugurlar boýunça bilim alýan studentler gatnaşdylar. Dabara başlanmanka zalda oturanlara özlerini şadyýan alyp barmak barada gysgaça instruksiýa berildi.

Dabarada täze başlanjak döwürde nähili işleriň amala aşyryljakdygy ýa-da bagtyýarlyk derejesine ýetmek üçin nähili maksatnamalaryň bardygy barada hiç zat aýdylmady. Çykyş edenleriň ählisi Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni yglan eden “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” bilen ýygnananlary gutladylar. Şeýle-de “Beýik Galkynyşlar eýýamynda” ýetilen sepgitler barada mahabatlandyryjy sözler aýtdylar.

Bu çärä mejbury gatnaşmaly bolan aşgabatly medeniýet işgäri Geldimyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde çäräni ýaranjaňlaryň tribunasy hökmünde suratlandyrdy:

—Biziň ýurdumyzda ýaranjaňlar gatlagy bar. Bu hili çäreler bolsa olara öz “hünärlerini” kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Olaryň çykyşlaryndaky aýdýan sözleriniň ýalandygyny diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem olaryň özleri-de bilýärler. Ýöne wezipe, jaý, maşyn üçin ýaranjaňlar hemme zada taýýar.

"Magtymgulynyň islän zamanasy"

Dabarada çykyş edenleriň sözleri Geldimyradyň sözlerini belli bir derejede tassyklaýar. Dabarada çykyş eden “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Annamyrat Poladow ýurduň häzirki döwrüni Magtymgulynyň islän zamanasy hökmünde suratlandyrdy:

—Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy öz döwründe berkarar döwlet islärin diýip, arzuw edip geçdi. Ata-babalarymyz niçeme asyrlap şol arzuwlaryň hasyl bolmagyna garaşdylar. Ine, şol beýik arzuw. Biziň hormatly prezidentimiz, eziz Arkadagymyz şol beýik arzuwy amala aşyrdy diýip arkaýyn aýdyp bileris.

“Ak kepderi”, “Ak güller” we ýaňy-ýakynda türkmen metbugatynda çap edilen “Şalar” ýaly ýurt ýolbaşçysyny wasp edýän eserleriň awtory Gözel Şagulyýewa hem ýygnanalary täze döwür bilen gutlap şeýle diýdi:

—Salamälik, “Bagtyýarlyk döwrüniň” bagtly adamlary! Döwrüň bilen, ömrüň bilen, Arkadag! Köňlüň bilen, köşgüň bilen Arkadag! Nuruň bilen, ugruň bilen, Arkadag! Mähriban prezidentimiziň, gahryman prezidentimiziň döreden täze eýýamy bilen, mähriban adamlar! “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” bilen!

Şagulyýewa sözüni dowam edip, Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşanda oňa aýdan sözleri barada gürrüň berip şeýle diýdi:

—Hormatly prezidentimiz söýgiň gujagynda ýaşaýar. Meniň ýadymdan çykanok, hormatly prezidentimiz ýurt başyna gelen wagty duşuşykda söz sözlemeli boldum. Şonda men hormatly prezidentimize ikije söz aýtmaga mümkinçilik tapdym. Başga zada bokurdagym dolup, begenjimden söz tapmadym. Şonda akar akmalydyr akar ýerinde.

Söýgiň gujagynda bol, ogul!
Söýgi garramaýar, söýgi ölmeýär.
Biz näme üçin bärde, ol ölýän bolsa.
Adam öli zady gözläp gelmeýär.
Şonuň üçin gelýär, ol gelýän.

Eziz, ogul! Arkadag, ogul! Gahryman, ogul söýgiň gujagynda ýaşa, mähribanym! Hemişe! Sebäbi, seni iliň ýaly söýýän, iliň ýaly apalaýan millet ýokdur dünýäniň ýüzünde! Ýöne, hormatly prezidentimizi dünýä-de des-deň, ýaňky aýdyşym ýaly, hormatlaýandyr, apalaýandyr—diýip, Şagulyýewa çykyş etdi.

Her günki sözler

Dabarada çykyş edýänleriň aýdýan sözlerini türkmen habar serişdelerinde her gün okamak ýa-da eşitmek bolýar. Edilýän çykyşlar zalda oturan tomaşaçylaryň hem ýüregine düşen bolmaga çemeli. Tomaşaçylaryň ählisi diýen ýaly dabaranyň çalt gutarmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Studentleriň arasynda mobil telefonlarynda oýun oýnap oturanlary hem az däldi.

Dabarany gurnaýjylar tomaşaçylary ýadatmazlyk üçin programma aýdym-saz hem goşupdyrlar. Bu çärede aýdylan aýdymlarda Türkmenistanyň prezidentiniň şahsyýeti wasp edilýärdi. Dabarany gurnaýjylar käbir aýdym aýdylanda tomaşaçylary ýerlerinden turzup çapak çaldyrýardylar. Tomaşaçylardan doldurylan konsert zaly dik durup çapak çalýardy.

Dabarada çykyş eden Jemal Saparowa bolsa öz çykyşynyň ahyrynda ör turup, “Beýik Arkadaga şöhrat!” diýip gygyrmagy teklip etdi. Onuň bu teklibi ýerine ýetirilensoň, ol aýdym aýtdy.

Dabara iki sagat dowam etdi. Alypbaryjy dabaranyň tamamlanandygyny yglan edenden soň, tomaşaçylar uly höwes bilen el çarpyşyp, gyssanmaç zaldan çykyp başladylar.

Zaldan çykyp barýan Geldimyrat täze döwrüň yglan edilmegi diňe öňki ideologiýanyň şygarynyň üýtgedilmeginden ybaratdygyny aýtdy.

—“Galkynyşlar zamanasy” ýa-da “Bagtyýarlyk zamanasy” tapawudy ýok. Mazmun üýtgänok, diňe forma üýtgeýär. Şu günki geçen dabara hem muňa mysal – diýip, aşgabatly medeniýet işgäri Geldimyrat ýüzi salyk halda zaldan çykyp gitdi.

Metbugat işgärleriniň aýtmagyna görä, indi olara “Beýik Galkynyşlar eýýamyny” mahabatlandyrman, täze girizilen ideologiýa barada ýazmaga görkezme berlipdir.
XS
SM
MD
LG