Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Azerbaýjana ýarag satar


Ýekşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministrligi Azerbaýjana pilotsyz uçarlary, howa hüjümine garşy goranyş sistemalaryny satmak boýunça ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.

Ýekşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministrligi Azerbaýjana pilotsyz uçarlary, howa hüjümine garşy goranyş sistemalaryny satmak boýunça ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.

Ýakynda Ysraýyl bilen Azerbaýjanyň arasynda ýarag söwdasy boýunça umumy bahasy 1,6 milliard dollarlyk ylalaşyga gelnendigi barada habarlar peýda boldy. Şol bir wagtda häzir Tähranyň dawaly ýadro programmasy boýunça dartgynlylyk artýar.

Ýekşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministrligi Azerbaýjana pilotsyz uçarlary, howa hüjümine garşy goranyş sistemalaryny satmak boýunça ylalaşyga gelnendigini mälim etdi. Maglumata görä, Azerbaýjanyň “Israel Aerospace Industries” şirketi bilen baglaşan ylalaşygynyň umumy bahasy 1,6 milliard dollara deň.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden adynyň tutulmagyny islemedik resmileriň biriniň maglumatyna görä, bu ylalaşyk üçin ençeme wagt maslahat edilipdir. Şeýle-de, ysraýyl resmisiniň aýtmagyna görä, munuň Eýranyň alyp barýan ýadro programmasy bilen hiç hili ilteşigi ýok.

Geçen ýyl Ysraýylyň mediasy Azerbaýjana 60 sany pilotsyz uçary satmak boýunça gepleşikleriň gidýändiginu habar beripdi. Şeýle-de 2011-nji ýylyň sentýabrynda Ysraýyl bilen Azerbaýjanyň arasynda bilelikdäki pilotsyz uçarlary döretmek ugrunda gepleşikleriň gidýändigi habar berildi.

Şu aýyň başynda Eýranyň Daşary işler ministrligi Bakuwy Azerbaýjanda Ysraýylyň Mossad gullugyna hereket etmäge mümkinçilik döredenlikde aýyplady.

Bu aralykda Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça dartgynlylyk juda ýitileşýär. Geçen hepdede Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň ekspertleri Tähranda saparda bolupdy. Saparyň netijeleri boýunça ekspertler Eýranyň urany baýlaşdyrmak ugrunda iş alyp barýandygyny, şeýle-de munuň “harby ugra gönükdirlendigi” boýunça ýeterlik aladalaryň bardygyny aýdypdylar.

Ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu çykyş edip, ýakyn wagtda Amerika baranynda, bu meseleleri prezident Barak Obama bilen maslahatlaşjakdygyny aýtdy:

—Biziň gepleşiklerimiziň arasynda serediljek meseleleriň biri-de Eýran we onuň alyp barýan ýadro programmasy bolar. Kime zerur bolsa onda HAEG-niň, Ysraýylyň çaklmasynyň dogrudygyna güwä geçýän hasabaty çap boldy. Eýran özüniň ýadro programmasy boýunça gaty öňe gitdi. Ol halkara jemgyýetçiliginiň gelen netijelerini açyk we berk görnüşde äsgermezçilik edýär.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly matlaplara gönükdirilendigini aýdýar. Tähran ýadro ýaragyny döretmek ugrunda iş alyp barmaýandygyny-da öňe sürýär.

Ýöne käbir günbatar döwletleri Eýranyň bu sözlerine ynamsyzlyk bilen seredip, Tährany halkara gözegçileri bilen doly möçberde işleşmekden ýüz öwürmekde aýyplaýarlar. Günbatar ýurtlary ýadro programmasy sebäpli Tähranyň garşysyna sanksiýalaryyň eçneme tapgyrny girizdiler.
XS
SM
MD
LG