Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda birnäçe partlaýjy enjam tapyldy, olar zyýansyzlandyryldy


26-njy fewralda Dagystanda birnäçe partlaýjy enjam tapylyp, olar zyýansyzlandyryldy.

Ýekşenbe güni irden Dagystanyň Gyzylýurt raýonynda kuwwatly partlaýjy enjamyň tapylyp, onuň zyýansyzlandyrylandygy habar berildi.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat bölüminiň beren maglumatlaryna görä, federal köçäniň ugrunda içi partlaýjy maddaly 65 litrlik gap tapylypdyr.

Dagystanyň Howpsuzlyk boýunça federal gullugy Mahaçkala şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Olimp” atly myhmanhananyň girelgesinde hem partlaýjy maddaly plastik çüýşeleriň tapylandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG