Sepleriň elýeterliligi

Putiniň janyna kast etmäge synanyşylandygy habar berilýär


Adam Osmaýewi Ukrainanyň ýörite güýçleri tussag edipdirler.

Adam Osmaýewi Ukrainanyň ýörite güýçleri tussag edipdirler.

Orsýetiň we Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmaklaryna görä, olar Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň janyna kast etmäge synanyşygyň öňüni alypdyrlar. Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki birinji telekanalynyň 27-nji fewralda beren habaryna görä, şol hüjümi Orsýetde 4-nji martda geçjek prezidentlik saýlawlarynyň yz ýany amala aşyrmak göz öňünde tutulypdyr.

Orsýet telewideniýesiniň birinji telekanalynyň reportažlaryna görä, Putiniň janyna kast etmäge synanyşygy amala aşyrmagy planlaşdyrandygy aýdylýan iki adam özlerine şeýle tabşyrygy çeçen pitne lideri Doku Umarowyň berendigini aýdýarlar.

“Interfaks” habar gullugynyň maglumatyna görä, Ukrainanyň aňtaw işgärleri Odessa şäherinde Orsýetiň iki raýatyny tussag edenden soňra, Putiniň janyna kast etmäge synanyşyk baradaky planyň üsti açylypdyr. Olar ýanwar aýynda Odessada bolan partlama bilen bagly tussag edilipdirler. Bu barada adynyň tutulmagyny islemedik orsýetli hukuk goraýjy resmi aýdýar.

Orsýet telewideniýesiniň birinji kanalynyň görkezen we Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň alan wideoýazgylarynda şol hüjümi amala aşyrmaga synanyşanlaryň biriniň Ilýa Pýanzindigi habar berildi.

3 şahs

Gazagystanyň raýatydygy aýdylýan, 28 ýaşly Pýanzin Orsýetiň raýaty bilen birlikde Birleşen Arap Emirliklerinden Ukraina sapar edendiklerini habar berýär. Olaryň ikisi-de bu hüjümi amala aşyrmagy planlaşdyranlykda şübhelenýän üçünji şahs, Adam Osmaýew bilen gatnaşyga girmekleri barada tabşyryk berlendigini tassykladylar. Bu barada Pýanzin şeýle diýýär:

Adam Osmaýew Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri bilen

Adam Osmaýew Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri bilen

—Olar bize ilki Odessa gidersiňiz we bomba ýasamagy öwrenersiňiz diýdiler. Soňra Moskwa gidip, ykdysady maksatlara niýetlenen binalara hüjümleri amala aşyrarsyňyz we geljekde Putiniň janyna kast edersiňiz diýdiler.

Terror hüjümlerini gurnamak boýunça tälim berijidigi aýdylýan we 2007-nji ýyldan bäri halkara derejede gözlenýänleriň sanawyndaky Adam Osmaýewi Ukrainanyň ýörite güýçleri tussag edipdirler.

Orsýet telewideniýesiniň birinji telekanalynyň görkezen wideoýazgysyna görä, tussag edilenleriň ikisi-de Putine hüjüm etmek barada tabşyryklary çeçen pitne lideri Doku Umarowdan alandyklaryny boýun alýarlar. Emma wideoýazgyda bu barada ne Pýanzin ne-de Osmaýew aýýar. Umarow Orsýetde amala aşyrylan terror hüjümlerindäki roly üçin Moskwanyň gözlenýän adamlar baradaky sanawynyň başynda durýar.

Umarow fewralyň başlarynda ýaýradan wideoýazgysynda öz söweşijilerine Orsýetiň asuda raýatlaryna hüjüm etmegi tabşyrýar. Emma ol Orsýetiň hökümet we harby resmileriniň nyşana alynmaly esasy şahslar bolup galýandygyny sözüne goşýar.

Tälim beriş

Orsýet telewidenieýsiniň birinji telekanalyna beren interwiýusynda etnik çeçen Adam Osmaýew beýleki iki adamyň Moskwada terror hüjümini amala aşyrmagy üçin olara tälim berendigini aýdýar. Osmaýew bu hüjümde tanka garşy minalary ulanmak barada tälim berendigini hem sözüne goşýar.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň ady tutulmaýan ofiserine salgylanylyp berlen habarlara laýyklykda, Osmaýewiň noutbugyndan Putiniň kerweni barada wideoýazgylar hem tapyldy. Osmaýew egindeşi Ruslan Madaýewiň eger tanka garşy minalar işlemese, öz janyndan geçmäge taýýarlanandygyny belleýär.

Wladimir Putiniň 4-nji martdaky saýlawlarda 3-nji möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar. Onuň prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bolmagy oppozisiýanyň köpçülikleýin protestlerine sebäp boldy.

Orsýetiň “Itar-Tass” täzelikler agentliginiň maglumatyna görä, Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow premýer-ministriň janyna kast etmäge synanyşyk baradaky informasiýany tassyklapdyr. Emma Peskow goşmaça maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG