Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan täze döwrüň başlanandygyny yglan etdi


Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen hökümet maslahatyndan soň, Türkmenistanyň habar serişdeleri jemgyýetiň häzirki döwrüni “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýip atlandyryp başladylar.

Bu barada anyk resmi karar bolmasa-da, käbir synçylar G.Berdimuhamedowyň ikilenji möhlete prezident saýlanmagy bilen, indi ozalky ideologik şygarlary üýtgetmek barada-da kampaniýanyň alnyp barylýandygyny belleýärler.

2007-nji ýylda-da Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji gezek prezident saýlanmagy bilen, ýurduň häzirki zamanasy “Beýik galkynyşlar zamanasy” diýlip atlandyrylyp başlanypdy.

Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran zamanasy bolsa “Altyn asyr zamanasy” diýlip atlanydyrylypdy.
XS
SM
MD
LG