Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz gümrük resmileri wezipelerinden boşadyldy


Gyrgyz-gazak serhet geçiş nokady

Gyrgyz-gazak serhet geçiş nokady

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň premýer-ministri Ömürbek Babanow ýurduň Bişkek we Oş şäherlerindäki halkara aeroportlarynyň gümrük we serhet gulluklarynyň ençeme ýokary derejeli işgärlerini wezipelerinden boşatdy.

Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy bu çäreleriň ýurtdaky korrupsiýa garşy göreş çäreleri bilen baglanyşyklydygyny habar berýär.

Duşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda premýer-ministr bu aeroportlarda korrupsiýanyň dowam eden halatynda, täze bellenen ýolbaşçylaryň-da bir aýdan soň wezipelerinden boşadyljakdyklaryny aýdyp, duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG