Sepleriň elýeterliligi

Assadyň režimine garşy täze sanksiýalar giriziler


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde geçiren maslahatynda, 27-nji fewral.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde geçiren maslahatynda, 27-nji fewral.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde geçiren maslahatlarynda Siriýanyň režimine garşy täze sanksiýalary girizmekligi ylalaşdylar.

Bu ylalaşylan sanksiýalar Siriýanyň merkezi bankynyň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyndaky hasaplaryny doňdurmak, Siriýanyň ýokary derejeli resmileriniň edisiniň Bileleşigiň territoriýasyna gelmegini gadagan ätmek, Siriýanyň ýuk uçarlarynyň Bileleşigin howa ginişligine girmeklerini gadagan ätmek ýaly änçeme çäreleri goz onunde tutýar.

Mundan ozal hem Ýewropa Bileleşigi Siriýa bilen alnyp barlan nebit we ýarag söwdalaryna garşy embargo girizipdi.
XS
SM
MD
LG