Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada azyndan 5 adam öldi, 15-si ýaralandy


Duşenbe güni Pakistanyň polisiýasy ýurduň Nowşera şäherinde syýasy ýörişiň geçirilýän wagty amala aşyrylan partlamada azyndan 5 adamyň ölüp, 15 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu partlama Pakistanyň dünýewi we liberal "Awami milli partiýasynyň" aktiwistleriniň gurnan ýörişi wagtynda amala aşyrylypdyr.

Bu parlamanyň Hyber Pahtunkwa prowinsiýasynyň ministri Emir Haýder Khan Hotiniň bu ýörişiň geçirilýän ýerini terk etmeginiň edil yzýany ýüze çykandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG