Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe täze film bilen taryhyny ýatlaýar


Faruk Aksoýyň "Basyp alyş 1453" filminden bölek
Faruk Aksoýyň "Basyp alyş 1453" filminden bölek
Osman imperiýasynyň harabalyklarynyň üstünden dünýewi türk döwleti gurlaly bäri ýurduň imperial erasyna salgylanmak, umuman, halanmazdy. Ýöne indi Türkiýäniň öz geçmişini inkär edip gelen günleri taryha öwrüldi.

Türkiýe indi özüniň öňki şan-şöhratyny ýurt içinde hem-de imperial güýç hökmünde aýak basylan öňki topraklarda sergilemekden çekinip duranok. "Täze-Osmanizm" bu ýerlerde indi daşary syýasatyň bir guraly boldy.

Bir kino režissýorynyň aýdyşy ýaly, Türkiýäniň hekaýatyny dünýä aýdara indi wagt boldy. Öten hepde Konstantinoplyň eýelenmegi baradaky täze kinony görmäge baran märekäniň sanyndan çen tutsaň, onda bu pursat eýýäm ýetip gelene meňzeýär.

Ýokary çykdajydan gaçylman döredilen "Basyp alyş 1453" filmi tomaşaçylara Soltan Mehmet Ikinjiniň Wizantiýa imperiýasynyň kalbyny eýeläp, oňa Stambul adyny dakanyny ýatladýar.

17 million dollar çykdajy edilen bu kinony döreden Faruk Aksoý:

—Stambulyň eýelenmegi özüniň ähli netijeleri bilen birlikde bir adatdan daşary täsirli wakadyr. Ol dünýä taryhynyň ugruny üýtgeden hadysadyr. Men bu hekaýaty diňe türk halkyna däl, eýsem bütin dünýä aýdyp bermek isleýärin. Daşardan gelýän talaba garanyňda, bizde muny üstünlikli ýerine ýetireris diýen duýgy döreýär.


Faruk Aksoýyň "Basyp alyş 1453" filminiň tanyşdyrylyş sýužeti

"Panorama 1453" iki ýyl mundan ozal Stambulyň eýelenmegine bagyşlanyp ýörite döredilen muzeý. Onda hem Konstantinoplyň eýelenmegine degişli panoramik görnüşler sergilenýär. Köp adamlar üçin bularyň barysy öz taryhlarynyň täzeden açylmagy barada.

—Türk mirasymyz bize aýdylmady, bu indi üýtgemeli—diýip, bir türk aýdýar.

Muzeýe baryp görenleriň ýene biri Osman imperiýasyny beýleki imperiýalar bilen deňäp, gowy netije çykarýar:

—Biz geçmişde güýçli döwletleriň biri bolduk, ýöne beýleki güýçli döwletler ýaly imperialistik döwlet bolmadyk.

Taryhyň şular ýaly oňaýly düşündirilmegi “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň 10 ýyllyk hökümdarlyk döwründe pajarlap ösdi. Bu taryhy oýanyş ykdysady taýdan ýokary göterilip, Ýewropanyň “kesel adamyndan” Ýewropanyň gaplaňyna öwrülen ýurtda yslama esaslanýan AK partiýanynyň isleg-arzuwyna laýyk gelýär.

Alym we "HaberTürk" gazetiniň synçysy Soli Özel muny şeýle düşündirýär:

—Bular uzak geçmişe seredenlerinde, mysal üçin, 18-nji asyra seredenoklar. Imperiýanyň şan-şöhratly günlerine seredilip, ol geçmişe taryhy däl jähtden baha berýärler. Halka aýdyljak bolunýan zat — “Biz ýurdy osmanlylaryň 15-nji, 16-njy asyrlarda edişi ýaly, belent günlere taýýarladyk” diýmek. Bu häzirki hökümeti bir ýol bilen aklap, halka onuň daşary syýasatyny şular ýaly giň gerimli ölçeglerde göz öňüne getirmäge ýol açmak.

Ýetiriljek bolunýan habar ýeke bir il halar medeniýet bilen çäklenenok. Ol has aňrylara gidýär. Türk resmileri ýurduň täsirini "Arap ýazyny" başdan geçiren ýurtlara ýaýbaňlandyrmakda "täze-Osmanizmden" peýdalanmaga jan edýärler.

Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan öten ýyl Kairde Arap Ligasynyň maslahatynda eden çykyşynda şeýle diýdi:

—Biziň umumy taryhymyz, ynanjymyz we gymmatlyklarymyz bar. Biziň hemmämiz dogandyrys.

Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bolsa mundan hem aňryk geçip, Ýakyn Gündogaryň Osman imperiýasy döwründe parahatçylygyň hem durnuklylygyň hözirini görendigini aýtdy.

Bu aýdylýanlar köp adamlary, aýratyn-da, Osman imperiýasynyň eýýamyna üstünlik däl-de, agalyk diýip garaýanlary gyzyklandyrman biler. Ýöne ykdysady bol elinlige, barha artýan regional diplomatik edermenlige, eksporta ukyply aşa üstünlikli kinolara daýanýan Türkiýe özüniň güýç-gudrata, at-abraýa eýe bolan soňky döwrüniň utgaşyklyklaryna salgylanyp, bu mümkinçilikden peýdalanyp bilýändigine begenýäne meňzeýär.
XS
SM
MD
LG