Sepleriň elýeterliligi

ÝB Siriýa garşy täze sanksiýalary girizýär


Siriýanyň Homs şäherinde, 26-njy fewral.

Siriýanyň Homs şäherinde, 26-njy fewral.

Fransiýanyň daşary işler ministri 27-nji fewralda eden çykyşynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýurduň asuda ilatyna garşy edýän jenaýatlary üçin jogap bermeli boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem, duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde geçiren maslahatlarynda Siriýanyň režimine garşy täze sanksiýalary girizmekligi ylalaşdylar.

Bu ylalaşylan sanksiýalar Siriýanyň merkezi bankynyň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyndaky hasaplaryny doňdurmak, Siriýanyň ýokary derejeli resmileriniň ýedisiniň Bileleşigiň territoriýasyna gelmegini gadagan etmek, Siriýanyň ýük uçarlarynyň Bileleşigin howa ginişligine girmeklerini gadagan etmek ýaly ençeme çäreleri göz öňünde tutýar.

Mundan ozal hem Ýewropa Bileleşigi Siriýa bilen nebit we ýarag söwdalaryna garşy embargo girizipdi.

Günbatar diplomatlarynyň Siriýa garşy goşmaça sanksiýalary girizmegine ýekşenbe güni Siriýada geçirilen referendumyň netijeleri barada ýurduň döwlet telewideniýesinde berlen maglumatlar sebäp boldy.

Bu maglumatda ses beren ilatyň 89%-niň Assadyň teklip eden täze Konstitusiýasyny goldandygy aýdyldy. Referenduma ses bermäge hukukly ilatyň 57%-niň gatnaşandygy hem aýdyldy.

Halkara Gyzyl Haç guramasynyň we Siriýanyň Gyzyl Ýarymaý guramasynyň wekillerinden düzülen topara uzak wagtdan bäri ilkinji gezek ýurduň Homs şäherine barmak başartdy.
Bu barada Halkara Gyzyl haj guramasynyň resmi wekili Hişam Hassan şeýle diýdi:

—Biziň ücin Homsdaky gumanitar ýagdaý her sagatda ýaramazlaşýar. Şonuň üçin biz, zerur bolan halatynda, ýerli ýaşaýjylary eglenmezden başga ýerlere göçürmeli. Tiz kömege mätäç adamlaryň ýanyna barmaga synanyşmaly.
XS
SM
MD
LG