Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Türkiýä sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Türkmenbaşy şäherinde, 2011-nji ýylyň maý aýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Türkmenbaşy şäherinde, 2011-nji ýylyň maý aýy.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üç günlük sapar bilen Aşgabatdan Türkiýä ugrady. Bu Berdimuhamedowyň ikinji möhlete prezidentlige saýlanandan soň, daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji resmi saparydyr.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň berýän maglumatyna görä, ýokary derejeli gepleşikler çarşenbe gününe planlaşdyrylypdyr. Resmi metbugat onuň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjek giň gerimli meselelere serediljekdigini habar berýär. Emma gepleşiklerde anyk haýsy meselelere garaljakdygyny ne türkmen ne-de türk tarapynan almak başartdy.

Sapara gabatlanyp, paýtagt Ankarada “Türkmenistan” atly seýilgähiň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem açylyş dabarasy geçiriler.

Türkiýä saparynyň çäklerinde Berdimuhamedow Stambul şäherine hem barar. Ol ýerde türkmen harytlarynyň sergisi, şeýle-de türkmen-türk biznes forumynyň nobatdaky maslahaty geçiriler.

Saparyň öňüsyrasynda türkmen lideri Aşgabatda Türkiýäniň käbir habar serişdelerine hem interwýu berdi. Onuň dowamynda Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigini belledi: “Çünki örän jaýdar bellenişi ýaly biz “iki döwlet - bir milletdiris”. Biziň halklarymyzyň umumy kökleri bar. Munuň şeýledigini diňe bir taryhy maglumatlar däl, eýsem häzirki zaman ylmynyň netijeleri hem tassyklaýar”.

Türkmen lideriniň sapary Türkiýäniň prezidentiniň çakylygy esasynda amala aşyrylyp, bu Berdimuhamedowyň ikinji möhlete prezidentlige saýlanandan soň, daşary ýurda edýän ilkinji resmi saparydyr.

Güner Özkan

Güner Özkan

Düýbi Ankarada ýerleşýän Halkara strategiýa barlaglary merkeziniň Ýewraziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary, professor Güner Özkan bu ýagdaýa ünsi çekip, munuň diplomatik dilde uly ähmiýete eýedigini aýdýar:

—Bu juda wajyp. Prezidenlige saýlanandan soň, Berdimuhamedowyň Orsýete däl-de Türkiýä sapar etmegi bilen käbir zatlar äşgär ediljek bolunýar. Birinjiden, Türkmenistan Türkiýe bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aç-açan görkezýär. Ýagny, Türkmenistan üçin Türkiýe gerek we Türkiýe üçin hem Türkmenistan zerur. Ikinjiden, munuň ykdysady, şeýle-de has möhümi – regiondaky syýasy ýagdaý üçin hem ähmiýeti uludyr.

Professor Güner Özkanyň pikiriçe, şu golaýda regionda juda dartgynly ýagdaýlaryň döremegi mümkin. Onuň sözlerine görä, Owganystandan halkara güýçleriň çekilmegi, Özbegistanda dini ekstremizmiň geriminiň giňemegi , şeýle-de Eýran bilen bagly döräp biljek ýagdaýlarda Türkmenistana ynamly we tejribeli ýaran gerek.

Üç günläp dowam etjek bu sapar Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky dört ýylyň içinde Türkiýä amala aşyrýan bäşinji saparydyr.

Türkiýä Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet bolup, Aşgabat bilen Ankaranyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda gurlupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG