Sepleriň elýeterliligi

ÝB öňki ukrain ministriniň azatlykdan mahrum edilmegini tankytlady


Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Ukrainada ýurduň öňki içeri işler ministri Ýuriý Lutsenkonyň dört ýyl azatlykdan mahrum edilmegini tankytlap çykyş etdiler.

Lutsenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we döwlet emlägini ogurlamakda aýyplandy.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt suduň çykaran bu karaynyň Ukrainadaky sudlaryň garaşsyzdygyny sorag astyna goýýandygyny aýtdy.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekilleri Ketrin Eşton bilen Stefan Fýule özleriniň bilelikdäki beýanatynda ukrain sudunyň kanunyň hemme zatdan ýokary bolmalydygy baradaky halkara ölçeglere sarpa goýmaýandygyny bellediler.

Britaniýanyň ýewropa meseleleri boýunça ministri Deýwid Lidington suduň çykaran bu kararynyň özlerini alada goýýandygyny aýdyp, bu wakanyň Ukrainanyň Ýewropa integrirlenmek üçin edýän tagallalaryna sübhe döredýändigini nygtady.
XS
SM
MD
LG