Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Owganystandaky halkara güýçleri möhletden öň çykarylmaz


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň edarasy Owganystanda ýalňyşlyk bilen Gurhan kitaplarynyň ýakylandygy üçin amerikanlara garşy protestleriň möwjemegi sebäpli bu ýurtdan ýaranlyk güýçlerini möhletden öň çykarmak planlarynyň ýokdugyny mälim etdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jeý Karneý geçen şenbe güni iki amerikan ofiseriniň Owganystanyň Içeri işler ministrliginde atylyp öldürilendigine garamazdan, ýaranlyk güýçleriniň Owganystandan çykaryljak möhletiniň öňküsi ýaly 2014-nji ýyl diýlip göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Pentagonyň metbugat wekili Jorj Litl hem 27-nji fewralda eden çykyşynda “öz hüjümleri bilen biziň aýgytly hereketlerimizi gowşadaryn öýdýänler gaty ýalňyşýandyr” diýdi.
XS
SM
MD
LG