Sepleriň elýeterliligi

Senegalyň prezidenti saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanyp bilmedi


Senegalda geçirilen prezidentlik saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýurduň häzirki prezidenti Adbulaý Wada ýeňiş gazanmak başartmady. Indi saýlwlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmegine garaşylýar.

27-nji fewralda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda 85 ýaşly prezident Wad saýlawlaryň deslapky netijesine salgylanyp, öz garşydaşyndan diňe 8% köp ses alandygyny, jemi sesleriň bolsa 30%-ni almagy başarandygyny aýtdy.

Bu saýlawlaryň öňüsyrasynda prezident özüniň ýeňiş gazanjakdygyna şübhelenmeýärdi. Ol şu saýlawlara üçülenji gezek gatnaşmak üçin ýurduň Konstitusiýasyny özgerdipdi.

Başda halk arasynda abraýy ýokary bolan prezidentiň häkimiýet başynda 12 ýyl bolandan soň raýatlaryň köpüsiniň ynamyndan gaçandygy aýdylýar.

Senegalda saýlawlaryň öňüsyrasynda Adbulaý Wadyň prezidentlige dalaş etmegine garşy protest aksiýalary geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG