Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda dört resmi içalyçylykda aýyplandy


Gandagar, 28-nji fewral.

Gandagar, 28-nji fewral.

Sişenbe güni Owganystanyň dört sany resmisiniň içalyçylykda aýyplanyp, tussag edilendigi barada maglumat alyndy.

Owganystanyň razwedka gullugynyň çeşmeleriniň anonimlik esasynda aýtmaklaryna görä, ýurduň Daşary işler ministrliginden bir resmi we ýerli welaýatlardanam üç resmi Pakistanyň hem-de Eýranyň haýryna içalyçylyk edenlikde aýyplanyp, tussag edilipdirler.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk departamentiniň metbugat sekretary Lutfullah Maşal bu tussag edilenleriň anyk subutnamalar esasynda tussag edilendigini aýtsa-da, bu subutnamalaryň nämeden ybaratdygyny mälim etmedi.
XS
SM
MD
LG