Sepleriň elýeterliligi

Astarahanda bina çökende azyndan 8 adam öldi


Duşenbe güni Orsýetiň Astrahan şäherinde dokuz gatly bir uly ýaşaýyş jaýynyň bir böleginiň ýumrulmagy netijesinde azyndan 8 adam ölüp, 12 adam ýaralandy. Bu wakada ýene 2 adamdan derek tapylmaýandygy habar berilýär.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky gullugynyň resmileri jaýyň tutuş bir böleginiň ýumrulmagyna aşaky gatda ýüze çykan gaz partlamasy sebäp bolupdyr diýlip çaklanylýandygyny mälim etdiler.

Ýöne bu waka boýunça döredilen derňew topary bu tragediýanyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işlerini alyp barýar.
XS
SM
MD
LG