Sepleriň elýeterliligi

Brýussel Belarusyň resmilerine garşy täze sanksiýalary girizýär


Ýewropa Bileleşiginiň 27 ministri tarapyndan tassyklanan täze sanksiýalar Belarusyň 21 sany resmisine, hususan-da 19 sany sudýasyna we iki sany polisiýa ofiserine garşy çäreleri göz öňünde tutýar.

Ýewropa Bileleşiginiň 27 ministri tarapyndan tassyklanan täze sanksiýalar Belarusyň 21 sany resmisine, hususan-da 19 sany sudýasyna we iki sany polisiýa ofiserine garşy çäreleri göz öňünde tutýar.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiniň daşary işler ministrleri Brýusselde geçiren maslahatlarynda Belarusa garşy täze sanksiýalary tassykladylar. Ýöne bu sanksiýa resmi ýagdaýda sişenbe güni kabul ediler diýlip garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň 27 ministri tarapyndan tassyklanan bu täze sanksiýalar Belarusyň 21 sany resmisine, hususan-da 19 sany sudýasyna we iki sany polisiýa ofiserine garşy çäreleri göz öňünde tutýar.

Ýewropa Bileleşigi Belarusyň bu resmilerini ýurduň oppozision aktiwistlerini tussag etmek we olary türme tussaglygyna höküm etmek işlerine dahylly hasaplaýar.

Duşenbe güni Belarusa garşy sanksiýa girizmek bilen baglanyşykly diskussiýa birneme jedelli geçdi.

Ozalbaşda sanksiýa girizilmeli edilen resmileriň sanawyna Belarusyň prezidentiniň şahsy dosty, ýurtdaky energiýa, gurluşyk, derman senagaty we jaý söwdasy kompaniýalarynyň işine kontrollyk ediji Ýuriý Çižiň-de ady girizilipdi. Ýöne bu biznesmeniň adynyň bu sanawa girizilmegine Sloweniýanyň daşary işler ministri Karl Eržawes garşy çykdy. Ol bu barada şeýle diýdi:

—Diskussiýa örän surnukdyryjy boldy. Onda Sloweniýa tarapy sanksiýanyň sanawyna biznesmenlerden diňe bir adamyň, ýagny jenap Ýuriý Çižiň adynyň girizilmegi bilen ylalaşyp bilmedi. Belarusyň režimini goldaýan we bu režim bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan biznesmenler ýurtda başga-da az däl. Şoňa görä-de, biz sanksiýalaryň häzir diňe Lukaşenkonyň režimi bilen ýakyn baglanyşykly sudýalar we käbir beýleki resmiler barada kabul edilmegine aýak diredik. Ýöne, elbetde, biznesmeler babatynda-da şeýle çäreleriň görülmegi möhüm bolup durýar.

Polşa Sloweniýany tankytlady

Ýöne, beýleki tarapdan, maglumatlara görä, belarusly biznesmen Ýuriý Çijiň konsorsiumy Belarusda bahasy 100 million ýewrodan hem gowrak pula durjak proýektler boýunça geçirilen tenderde Sloweniýanyň gurluşyk kompaniýalary bilen ylalaşyk baglaşypdyr.

Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorskiý Sloweniýanyň belarusly biznesmen Ýuriý Çiž baradaky tutýan pozisiýasynyň tankyt etdi:

—Bu gün Ýewropa Bileleşigi üçin gynançly gün. Ýagny, bu gün Sloweniýanyň ykdysady bähbitleriniň prezident Lukaşenkonyň syýasy tussaglary türmelerden boşatmagyna täsir edip biläýjek zerurlyklardan has möhüm bolup çykandygyny gördük.

Diskussiýalar dowam eder

Ýöne, şeýle-de bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katerin Aşton Belarusyň biznes toparlaryna garşy-da sanksiýa girizmek meseleleri bilen baglanyşykly diskussiýalaryň geljek aý ýene dowam etjekdigini aýtdy.

Duşenbe günki maslahata gatnaşan Finlýandiýanyň daşary işler ministri Erkki Tuomioýa hem duşenbe güni kabul edilen sanksiýalardan özüniň kän bir hoşal däldigini, emma sanksiýalar baradaky gepleşikleriň heniz doly tamamlanmandygyny nygtady. Erkki Tuomioýa bu barada şeýle diýdi:

—Biziň lapymyz keç we, meniň pikirimçe, şeýle lapykeçlik bu ýygnaga gatnaşan beýleki resmileriňem hemmesine diňe ýaly mahsus. Ýöne biz sişenbe güni sudýalara garşy täze sanksiýalary girizip, bu meselä ýene birnäçe hepdeden dolanyp geleris. Şonda hakykatdanam her bir wekil has düýpli sanawy kabul etmäge taýýar bolup geler.

Mundan ozal Ýewropa Bileleşigi Belarusa degişli birgiden bank hasaplaryny doňduryp, ýurduň hökümeti bilen ilteşikli 210 adama garşy wiza gadagançylygyny girizipdi.
XS
SM
MD
LG