Sepleriň elýeterliligi

Fransuz sudy genosidiň inkär edilmegi baradaky kanuny yzyna gaýtardy


Fransiýanyň Konstitusion geňeşi

Fransiýanyň Konstitusion geňeşi

Fransiýanyň Konstitusion geňeşi ermenileriň genosidini inkär edenleri jogapkärçilige çekmek barada ýurduň parlamentinde kabul edilen kanun Fransiýanyň Konstitusiýasyna çapraz gelýär diýen karara geldi.

23-nji ýanwarda Fransiýanyň Senaty genosidi, şol sanda 1915-1916-njy ýyllarda gündogar Türkiýede ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini inkär etmegi jenaýat hasaplamak baradaky kanuny kabul edipdi.

Fransuz parlamentiniň aşaky öýi bu kanun taslamasyny geçen ýylyň dekabr aýynda kabul edipdi. Şol kanuna görä, ermeni genosidini inkär edenler bir ýyla çenli türme tussaglygy we 45 müň ýewro pul jerimesi bilen jezalandyrylyp bilinýärdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Fransiýanyň Konstitusion geňeşiniň bu kararyny hoşallyk bilen garşy alyp, özleriniň Fransiýa bilen ykdysady, syýasy hem harby gatnaşyklarynyň gaýtadan dikeldilmegi meselesine garajakdygyny mälim etdi. Bu gatnaşyklar geçen ýylyň dekabr aýynda togtadyldy.

Ýöne Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi ýurduň Konstitusion geňeşiniň bu kararyna jogap hökmünde öz hökümetine ermenileriň genosidini inkär edenleriň jezalandyrylmagy babatda täze kanunyň taslamasyny taýýarlamaga görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG