Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň resmisi: Siriýada 7,500-e golaý adam öldürildi


Siriýada heläk bolýanlaryň köpüsiniň aýallar hem çagalardygy aýdylýar.
Siriýada heläk bolýanlaryň köpüsiniň aýallar hem çagalardygy aýdylýar.
BMG-niň Syýasy işler bölüminiň ýolbaşçysy Lin Pasko sişenbe güni Howpsuzyk geňeşinde eden çykyşynda Siriýada protestler başlany bäri jemi ýedi ýarym müň adamyň öldürilendigini çaklaýandyklaryny aýtdy.

Ol şu günler Siriýada her gün öldürilýän adamlaryň sanynyň 100-den hem geçýändigi we olaryň-da aglabasynyň aýallar we çagalardygy barada ynamdar maglumatlaryň bardygyny öňe sürdi.

Paskonyň aýtmagyna görä, harby güýç ulanylmagy netijesinde Siriýanyň içinde öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolan adamlaryň sany 100 müň bilen 200 müňüň aralygynda diýlip hasaplanylýar.

Siriýanyň 25 müň raýatynyň goňşy ýurtlara bosup gitmäge mejbur bolandygyny hem BMG-niň ýokary derejeli wekili aýtdy. Olar BMG-niň Bosgunlar boýunça komitetinde hasaba alyndy.

BMG-niň Syýasy işler bölüminiň ýolbaşçysy Lin Pasko halkara jemgyýetçiliginiň Siriýadaky zorluklary bes etmek ugrunda has aýgytly hereket etmezliginiň bu ýurtdaky režim üçin ýalňyş yşarat hökmünde alamatlanýandygyny aýtdy.

—Şu çaka çenli edilen hereketler hem edilmedik işler režimiň hiç bir jogapkärçilige çekilmezden, öz halkyny gyrmagy dowam etdirip biljekdigini görkezdi—diýip, Pasko belledi.
XS
SM
MD
LG