Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda “Adalat” gazetiniň žurnalistine hüjüm edildi


Gazagystanyň Çimkent şäherinde “Adalat” gazetiniň žurnalisti Jarkynbek Siýtinbet urlup-ýenjildi.

28-nji fewralda gowşan maglumatda žurnalistiň öýüne bir topar adamyň gelip, gapyny kakandygy, ol gapyny açansoň hüjümçileriň demir çybyk bilen žurnalisti ýenjendigi aýdylýar.

Bu wakanyň 25-nji fewralda ýüze çykandygy habar berilýär.

Žurnalist bu hüjümi özüniň žurnalistik işi bilen baglanyşdyrýar.

Polisiýanyň jenaýatçylary gözleýändigi, bu waka bilen bagly derňew geçirýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG