Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-türk bilim kompleksi gün tertibinde


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Ankaradaky duşuşykda, 29-nji fewral, 2012-nji ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Ankaradaky duşuşykda, 29-nji fewral, 2012-nji ýyl.

Aşgabat bilen Ankara türkmen-türk mekdebini we uniwersitetini öz içine aljak täze türkmen-türk bilim kompleksini gurmak barada pikir alyşdy. Teklip Türkiýe tarapyndan edildi, Türkmenistan tarapyndan kabul edildi. Bu habary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül bilen çarşenbe güni Ankarada geçiren duşuşygyndan soň gurnalan metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Ýygnakda Türkiýäniň prezidenti Abdullah Güli doganym diýip atlandyran Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň bardygyny we ony hasam ösdürmekligiň zerurdygyny nygtady.

Bu sapar prezident Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň daşary ýurda edýän ilkinji saparydyr.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp edilýän bu saparyň dowamynda Berdimuhamedow aýratynam 2012-nji ýylyň “Türkmen-türk ylym-bilim ýyly” diýlip yglan edilmegini teklip etdi.

Bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda nähili ylalaşyklara gol goýlandygy barada häzire çenli takyk maglumat ýok, emma metbugat ýygnagynda aýdylanlardan çen tutulsa, duşuklaryň gün tertibiniň esasy bölegini özara söwda gatnaşyklary emele getiren bolara çemeli.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada, 29-njy fewral.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada, 29-njy fewral.

Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hasam artdyrylmalydygyny belläp, Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary we bu ugurda edip boljak hyzmatdaşlyklara ünsi çekdi. Ol türk biznesmenleriniň Türkmenistanda alyp barýan işleri hakda hem durup geçdi.

Türkmen lideriniň bu sapary soňky döwürlerde käbir türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen algy-bergi meselesinde ylalaşmazlyklarynyň dowam edýän pursatyna gabat geldi. Habarlardan mälim bolşuna görä, bu kompaniýalaryň sany 20 töweregi bolup, Türkiýäniň “Hürriýet” gazetiniň öň habar bermegine görä, olaryň algysynyň möçberi 1 milliard dollara barabardyr.

Özara duşuşyklarda bu ylalaşmazlyklar hakda gürrüň edilip-edilmänligi barada maglumat ýok, emma şol biznesmenlerden käbirleri Türkmenistanyň öz beren wadasynda tapylmanlygyny aýdyp, Aşgabady sermaýa dawalaryny çözýän halkara suduna berendiklerini aýdýarlar.

Berdimuhamedow öz çykyşynda 1-nji martda Stambulda geçiriljek türk-türkmen biznes forumyna hem gatnaşjakdygyny mälim etdi. Bu foruma 270-e golaý türk kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG